Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlygynyň töweregindäki soňky meseleler - täsirler we netijeler


Aşgabadyň Halkara aerportunda garaşýan adamlar. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň Halkara aerportunda garaşýan adamlar. Illýustrasiýa suraty

Geçen hepde Aşgabadyň halkara aeroportunda okuw ýa-da iş üçin daşary ýurtlara barýan onlarça türkmenistanlynyň ýurduň daşyna goýberilmändigi barada Azatlyk Radiosyna gelip gowşan habaryň fonunda, Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlygy bilen bagly meselelere gönükdirilýär.

Täze okuw ýylynyň bosagasynda, Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň Halkara aeroportunda daşary ýurda barýan studentleriň ýollaryndan alynýandygy barada habarlar gowşup başlady.

  • Ýakyn geljekde bu ugurda Türkmenistandan nähili habarlara garaşmaly? Häkimiýetleriň raýatlaryň ýoluny baglamak işleri dowam edermi, ýa gowşarmy? Bu ýagdaýlary görkezýän nähili alamatlar bar?
  • Ýakynda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy köpçülige ýetiren soňky statistiki maglumatynda şu ýylyň başyndan bäri Russiýa okamaga gelen türkmen ýaşlaryň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 5 esse azalandygyny mälim etdi. Bu nämäniň alamaty? Bu görkeziji bize Türkmenistanda daşary ýurt diplomlarynyň güýji bilen bagly haýsy täze şertleri düşünmäge mümkinçilik döredip biler?
  • Türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň ýurda erkin girip çykmagyny ýola goýsa, ýurtdan çykýanlaryň hereketini dilden çäklendirmese, bu hökümete we halka nähili peýda getirer?
  • Raýatlaryň ýurtdan çykmaga ýykgyn etmekleri, gidip daşary ýurtlarda ýaşap soňra ýurda dolanmaklary, halkyň gündelik durmuşynda, ýagny jemgyýetde däp bolan ýaşaýyş medeniýetine nähili täsir edýär? Jemgyýetiň we türkmen medeniýetiniň durmuşynda nähilidir bir zatlary üýtgedip, nähili täzelikleri getirip bilýär?

Dünýä Türkmenleri şu we şuňa meňzeş soraglaryň töwereginde Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlygynyň töweregindäki soňky meseleler - täsirler we netijeler
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG