Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp Fransiýada Eýranyň daşary işleri ministri Zarif bilen duşuşardan entek ‘örän ir’ diýdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Fransiýanyň kenarýaka şäheri Biarritzde çykyş edýär

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp ýaňy hepdäniň aýagynda garaşylmadyk ýagdaýda dünýäniň ýedi gurply döwleti G7-niň sammitine Fransiýa baran Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşardan entek ir diýýär.

Tramp Waşingtonyň Tähranda režimi üýtgetmek niýetiniň ýokdugyny ýene bir gezek tassyklady.

“Men dogrudan gowy, dogrudan güýçli Eýrana seredýärin. Biz režimiň çalşylmagyny islämizok. Onuň nähili işleýşini geçen 20 ýyllykda özüňiz gördüňiz, ol gowy däldi” diýip Tramp 26-njy awgustda Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Britaniýanyň we Kanadanyň liderleri bilen Fransiýanyň kenarýaka şäheri Biarritzde geçen gepleşikleri jemlänlerinde aýtdy.

Tramp: “Eýranyň özüni güýçlendirmäge, uly millet bolmaga hakyky mümkinçilikleri bar. Olar terrorizmi togtatmaly” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

25-nji awgustda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň Tähranyň ýadro programmasy barada petige dirän diplomatik gepleşikler hakda pikir alyşmak üçin öňünden yglan edilmedik sapar bilen Biarritze barmagy üç günlük sammitiň üns merkezindäki temalarda aýgytly özgerişlige sebäp boldy.

Trampyň žurnlistlere aýtmagyna görä, Zarifiň gelip-gitjegini bilse-de, ony görmäk islemändir.

“Meniň pikirimçe, duşuşardan entek ir” diýip Tramp aýtdy.

Öten ýyl Waşington dünýäniň güýçli döwletleri bilen Tähran arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşykdan çekilip, Eýranyň ykdysadyýetini çökeren sanksiýalary gaýtadan girizensoň, Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklar güýçlendi.

Ylalaşyga gol çekişen beýleki bäş döwlet, şol sanda Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa ylalaşyga ygrarly galdylar. Bu ylalaşykda Tähran sanksiýalaryň ýeňledilmeginiň deregine ýadro işjeňliklerini jylawlamagy öz üstüne aldy.

Ýöne Eýran ylalaşykda kabul edilen şertleriň käbirini aşaklatmaga başlady.

Pars Aýlagynda bolan käbir hadysalar-da dargtynlygyň has-da artmagyna getirdi.

Zarif 25-nji awgustda Twitterde özüniň fransuz kärdeşi we Makron bilen Biarritzde “konstruktiw” gepleşikler geçirendigini ýazdy.

Ol Germaniýanyň we Britaniýanyň resmilerine hem gysgaça maglumat berendigini aýdyp: “Öňdäki ýol kyn, ýöne synanyşmaga degýär” diýdi.

Fransiýanyň prezidenti gepleşikleri “oňaýly” diýip hasiýetlendirip, pikir alyşmalar dowam eder diýdi.

Bu aralykda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz daşary işler ministriniň Ýedileriň sammitine barmagyny gorap, krizisden çykara gepleşik arkaly ýol tapmak üçin özüniň nirä hem bolsa, gitmäge taýýardygyny aýtdy.

Ol 26-nji awgustda telewideniýede eden çykyşynda şeýle diýdi: “Men bir duşuşyga gitmegiň we bir adamy görmegiň ýurdumyň ösmegine, halkyň problemalarynyň çözülmegine kömek etjegini bilsem, bu işi ederin”.

“Biz gürleşmeli, bir çözgüt tapmaly, problemany çözmeli” diýip, Rohani aýtdy.

25-nji awgustda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Waşington bilen Tähran arasyndaky dartgynlyklary çözmek üçin her bir pursatdan peýdalanmaly” diýdi.

“Biz dartgynlary köşeşdirmek üçin bir ýol tapmaly. Beýle edilmese, onda Eýran sentýabrda öz üstüne alan borçlaryny ýene-de ýatyrar diýip, gorkmaly bolarys” diýip Merkel belledi.

Makron Zarif bilen Ýediler sammitinden öň Parižde-de duşuşypdy.

Makron öten hepde ýadro ylalaşygyny goldamak üçin onuň doly ýerine ýetirilmeginiň deregine ýa Eýrana garşy girizilen sanksiýalar ýeňledilmeli ýa-da “Eýran halky gowurak ýaşar ýaly” kompensasiýa mehanizmi döredilmeli diýip teklip etdi,

Tramp Birleşen Ştatlaryň ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny yglan edeninde ylalaşygyň şertleri Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni alarlyk derejede berk däl, şeýle hem onda Tähranyň raketa programmasy we onuň regiondaky jeňçileri goldaýandygy agzalmaýar diýdi.

Eýran pitneçi işleri goldaýandygyny inkär edip, özüniň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly energiýa niýetlenilendigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG