Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NPR: Owganystanda gyzlyk barlagyny geçmedik aýal maşgalalar henizem tussag edilýär


Owganystanyň birinji hanymy Rula Ghani (arhiw suraty)
Owganystanyň birinji hanymy Rula Ghani (arhiw suraty)

Owganystanda gyzlyk barlagyny geçmedik aýal maşgalalar, ýurtda bu ylmy bolmadyk tejribäniň resmi ýagdaýda gadagan edilendigine garamazdan, heniz hem türmä basylýar diýip, ABŞ-nyň Milli Jemgyýetçilik Radiosy (NPR) 27-nji awgustda maglumat berdi.

Amerikanyň global maşgala planlaşdyryş guramasynyň başlygy Marie Stopesiň yslam syýasaty boýunça maslahatçysy Farhad Jawidiň NPR-a aýtmagyna görä, şu ýylyň ýanwar aýynda onuň özi we Owganystanyň birinji hanymy Rula Ghani aýallaryň aglabasynyň saklanylýan türmesine baryp görüpdirler.

Jawidi munuň netijesinde, ýanwar we aprel aýlary aralygynda 190 bendiniň azat edilendigini, emma şondan bäri başga-da tussag etmeleriň bolandygyny belledi.

“Köp kişi hiç bir zat üçin türmede 1,5 ýyl saklanylýar” diýip, Jawid NPR-e beren interwýusynda nygtady.

2018-nji ýylda BMG aýallaryň jynsy gatnaşyga girip-girmändigini netijeli aýan edip bilmeýän bu barlaglary gadagan edipdi.

“Medisina taýdan zerur bolmadyk, şeýle-de köp halatlarda agyrly, kemsidiji we şikes ýetiriji tejribe bes edilmelidir” diýip, BMG belleýär.

Owgan maşgalalary gyzlaryny dürli sebäplerden ugur alyp barlagdan geçirýärler.

Bu testler biriniň mekdebe, işe alynmagy ýa-da durmuşa çykmagy üçin geçirilip bilinýär.

Eger-de, gyz testi geçmese, onda bu barada polisiýa duýdurylýar we azatlykdan mahrum etmek prossesi başladylýar.

XS
SM
MD
LG