Daşkendiň polisiýasy onlarça sakgally adamy tussag edip, soňy bilen-de sakgallaryny zor bilen syrdyrandygy baradaky maglumatlary ret etdi. Olar adamlaryň ogurlanan mobil telefonlaryny satmakda güman edilýänleri ele salmak üçin geçirilen reýdiň dowamynda tussag edilendiklerini aýtdylar.
Polisiýanyň 27-nji awgust güni giçlik ýaýradan beýanatynda “Hiç kim sakgallyny syrmaga mejbur edilmedi, edilmezem” diýip, nygtalýar. Şeýle-de, onda tussag edilenleriň käbirinde sakgallaryň bolandygy, munuň bilen baglylykda olaryň ýüzüniň pasportyndaky suratyna gabat gelmegi üçin, olara sakgallaryny syrmagyň maslahat berlendigi aýdylýar.
Polisiýanyň maglumatyna görä, jemgyýetçilik ýerlerindäki, adamyň ýüzüni saýgarmaga ukyply, ýokary derejeli kameralar şahsyýetiň pasportyndaky suratyna esaslanyp işleýär.
“Wagtlaýynça tussag edilen käbir raýatlara ýüz-keşbini biometriki pasportyndaky suratyna golaýlatmak maslahat berildi. Olaryň ählisi bu maslahaty düşünişme bilen kabul etdi” diýip, beýanatda bellenilýär.
Beýanatda geçen hepde geçirilen reýdiň radikal yslama garşy göreş bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugy nygtalýar.
23-nji awgustda Daşkendiň Malika bazarynda ençeme adam tussag edilip, polisiýa edarasyna eltilipdi. Olar şonda sakgallarynyň zor bilen syrdyrylandygyny öňe sürüpdiler.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!