Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ylalaşyga jemleýji nazar salynýar, "Talyban" ABŞ güýçleriniň çykarylmak teklibini öwrenýär


ABŞ-nyň Owganystandaky ýörite wekili Zalmaý Halilzad gepleikler wagtynda.
ABŞ-nyň Owganystandaky ýörite wekili Zalmaý Halilzad gepleikler wagtynda.

ABŞ we “Talyban” resmileri Owganystandaky 18 ýyllyk urşy soňlamaly taryhy ylalaşygy baglaşmaga çalyşýan wagtynda ekstremist jeňçi toparyň liderleriowgan-pakistan serhediniň boýunda bir ýerlerde teklip edilen şertnamany gözden geçirýärler.

“Talybanyň” uly derejeli komandiri 28-nji awgustda Pakistanda AFP habar gullugyna"all Şura (geňeş) agzalarynyň taslamany alandyklaryny we özleriniň ony ünsli okaýandyklaryny” aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol “Talybanyň” Kataryň paýtagty Dohadaky gepleşikçi toparyna “hiç bir tassyknamanyň berilmändigini” aýtdy.

Olaryň jogaby “bir ýa iki gün alar, sebäbi toparyň liderleriniň ylalaşyga gelmekleri gerek” diýip, talyban resmisi aýtdy.

Şu aralykda, gepleşiklere ýakyn resmileriň sözlerine görä, ABŞ-nyň Owganystandaky ýörite wekili Zalmaý Halilzad, gepleşikleri geçirýän ilçi, bu şertnama barada prezident Aşraf Gani bilen maslahatlaşmak üçin “bir ýa iki günde” Kabula geler.

“Talyban” Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan Kabul hökümeti bilen göni gepleşmekden ýüz öwürdi.

Ylalaşygyň düýp şertini amerikan güýçleriniň ýuwaş-ýuwaşdan Owganystandan çykarylmagy we “Talybanyň” ýurduň halkara jeňçileri üçin gaçybatalga öwrülmegine ýol bermezligi düzýär.

Bu beýanatlar gepleşikleriň dokuzynjy tapgyrynda, uruşdan tozan ýurduň resmileriniň “Talyban” jeňçileriniň ýurduň günbataryndaky Hyrat welaýatynda hökümetçi milisiýanyň azyndan 14 agzasyny öldürendiklerini aýdan wagtyna gabat geldi.

"Biz basym özümiziň musulman, garaşsyzlyk isleýän döwletimizde gowy täzeligiň bolmagyna umyt baglaýarys” diýip,“Talybanyň” Dohadaky syýasy edarasynyň sözçüsi Suhail Şaheen aýtdy.

Kabuldaky uly howpsuzlyk resmileriniň biri “Talyban” we ABŞ ABŞ güýçleriniň çykarylmagy barada 14 aýdan 24 aý aralygyndaky wagt möhletinde razylaşdylar diýdi.

Ylalaşygyň jikme-jiklikleri jemgyýetçilige aýan edilmezinden öň owgan hökümetine hem berler diýip, resmi aýtdy.

Birleşen Ştatlar owgan söweş missiýasyny resmi taýdan 2014-nji ýylda bes etdi, emma 14 müň çemesi amerikan goşuny ýurtda galmagyny dowam etdirýär. Olar esasan tälim we hökümet güýçlerine “Talyban” hem-de beýleki jeňçi toparlar bilen söweşde geňeş-maslahat bermekişi bilen meşgullanýar.

ABŞ güýçleri käte terrora garşy hüjümleri hem amala aşyrýarlar.

ABŞ-nyň baş harby serkerdesi, general Josef Danford Pentagonda ABŞ-nyň Owganystandaky terrora garşy güýçleriniň geljegi barada gürrüň ederden entek “ir” diýdi.

"Biziň öňe sürýän islendik ylalaşygymyz, prezidentiň açyk aýdyşy ýaly, şertlere bagly bolar” diýip, general Danford, goşunlaryň birleşen ştabynyň başlygy aýtdy.

"Biz Owganystanyň gaçybatalga öwrülmejegine göz ýetirer ýaly bolmak isleýäris, biz Owganystana parahatçylyk we durnuklylyk getirmek üçin tagalla etmekçi bolýarys” diýip, Danford žurnalistlere aýtdy we bu şertnamanyň “Talyban” bilen owgan hökümetiniň arasynda hem has giň parahatçylyk ylalaşygy barada dialogyňaçylmagyna getirjekdigini sözüne goşdy.

Goranmak sekretary Mark Esper bolsa, onuň gapdalynda duran ýerinden, ylalaşygyň Owganystanyň “indiden beýläk Birleşen Ştatlara hüjüm etjek terrorçylar üçin buky bolmazlygyna kepillik bolmalydygyny aýtdy.

ABŞ -“Talyban” gepleşiklerine garamazdan, Owganystanda zorlukly wakalar kemelmedi.

Hökümetçi komandir Baz Mohammad Jowuzjanda, 27-nji awgustda öldürildi.
Hökümetçi komandir Baz Mohammad Jowuzjanda, 27-nji awgustda öldürildi.

Şu hepde gepleşikler dowam edýän wagtynda, 27-nji awgustda 60 ýaşyndaky hökümetçi komandir öz oglunyň hem hatarynda bolan “Talyban” jeňçilerine garşy söweşde öldürildi.

XS
SM
MD
LG