Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan baş müftüsini täzeledi, sebäbini aýtmady


Ýalkap Hojagulyýew

30-njy awgustda Aşgabatda dindarlaryň maslahaty geçirilip, guramaçylyk meselelerine garaldy we ýurduň baş müftüsi täzelendi.

Maslahata welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, ýaşulular gatnaşdylar.

“Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Lebap welaýatynyň baş ymamy bolup işlän Ýalkap Hojagulyýew geçirildi” diýip, TDH habar berýär.

Şeýle-de neşir Lebap welaýatynyň baş ymamy wezipesine Ahal welaýatynyň baş ymamy bolan W.Işangulyýewiň, Ahal welaýatynyň baş ymamy wezipesine Gökdepe etrabynyň baş ymamy bolan T.Jemşidowyň geçirilendigini habar berýär.

Habarda Türkmenistanyň ozalky müftüsi Çarygeldi Serýaýewiň wezipesinden boşadylmagynyň sebäpleri aýdylmaýar.

Müfti we ymam täzelemeleri Halk maslahatynyň sentýabr aýynyň aýagynda geçiriljek ikinji mejlisiniň öňüsyrasyna gabat geldi.

Döwlet eýeçiligindäki habar gullugy “geçirişleriň” sebäplerini aýdyňlaşdyrman,ymamlaryň ýerleriniň çalşyrylmagyny “wezipeleriň ýerlerini üýtgetmek ýörelgesi” hökmünde häsiýetlendirýär.

Türkmenistan özüni dünýewi, hukuk döwleti diýip atlandyrýar we diniň döwletden aýrydygyny aýdýar.

Emma ýurtda ymamlaryň bellenmeginde, metjitleriň gurulmagynda we dindarlaryň haj zyýaratlaryna gitmeginde döwletiň uly rol oýnaýandygy aýdylýar.

Halkara hukuk toparlary türkmen häkimiýetlerini dini azatlyklary çäklendirmekde tankyt edip gelýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG