Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwistleri demokratik özgerişler üçin ýöriş etdiler, polisiýa seredip durdy


“Oýan, Gazagystan” ýaşlar hereketiniň agzalary
“Oýan, Gazagystan” ýaşlar hereketiniň agzalary

Onlarça gazak aktiwisti merkezi aziýa ýurdunyň iň uly şäheri Almatyda “Oýan, Gazagystan” ýaşlar hereketiniň çäginde demokratik özgerişleri talap edip, ýöriş geçirdi.

Aktiwistleriň 30-njy awgustdaky ýörişi ýurduň Konstitusiýa gününe gabatlanyp guraldy we tas bir sagat dowam edip, gysga wagtlyk ýygnanyşyk bilen tamam boldy.

Olar Gazagystanyň Konstitusiýasyndan ýygnanyşmak, söz azatlygy we pikiriňi beýan etmek azatlygy barada bölümleri gaty sesli okadylar.

Ýygnanyşyk wagtynda polisiýa hem boldy, emma olar aktiwistleriň protestine gatyşmadylar.

Ýurduň günortasyndaky Şimkent şäherinde onlarça aktiwist häzirki Konstitusiýa garşy çykdy, olar baş kanunyň 1993-nji ýyldan bäri birnäçe gezek bikanun düzedilendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG