Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri Russiýa göçmek isleýän türkmenistanlylaryň dokument işlerini bökdeýär.


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda döwlet edaralary Russiýa göçmek isleýän türkmenistanlylaryň dokument işleri bilen bagly dürli kynçylyklary döredýär. Türkmenistanda Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň Russiýa hemişelik göçüp barmak üçin türkmenistanlylara hödürleýän programmasyna isleg artýar.

Türkmenistanlylaryň arasynda Russiýa göçüp barmak statusyna eýe bolmak isleýän raýatlaryň sany barha köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 2-nji sentýabrda habar berdi.

“Bu gün men Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda boldum. Ol ýere 300-den gowrak adam üýşüpdir” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ilçihananyň öňünde nobata garaşýan adamlaryň aglaba bölegi Russiýa hemişelik göçüp barmak boýunça rus ilçihanasynyň türkmenistanly raýatlara hödürleýän programmasyndan peýdalanmak isleýär.

“Garaşýan adamlaryň köpüsi Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylary” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ozallar rus ilçihanasynyň hödürleýän bu programmasyndan peýdalanmaga esasan rus dilli türkmenistanlylar isleg bildiren bolsa “indi esasy kontingent türkmenler” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy bu programma isleg bildirýänleriň häzirki wagtda dokument resmileşdirmekde kynçylyklara duçar bolýandygyny aýdýar.

“Olar dokumentlerini resmileşdirip bilmeýärler, sebäbi köplenç türkmen döwlet edaralaryndan berilýän dokumentler ýeterliksiz” diýip, habarçy aýtdy.

“Türkmen häkimiýetleri raýatlara zerur bolan resminamalary çykarmak işlerini gijikdirýärler ýa-da asla bu dokumentleri bermeýärler” diýip, habarçy maglumatyň üstüni ýetirdi.

Ol Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde dörän nobaty wideo düşürip, Azatlyga ugratdy.

WIDEO: Türkmen häkimiýetleri Russiýa göçmek isleýän türkmenistanlylaryň dokument işlerini bökdeýär

Habarçynyň maglumatlaryna görä, wideoda görkezilýän adamlaryň arasyndaky gürrüňdeşliklerden ilçihananyň işgäriniň “türkmen häkimiýetleriniň ýanyna baryň, eger-de zerur dokumentler ýok bolsa biziň edip biljek kömegimiz ýok” diýýän sözlerini eşitmek bolýar.

“Ilçihananyň öňünde nobata garaşýan adamlaryň arasynda Russiýa okuwa gitmäge synanyşýan ýaşlar hem bar. Ýöne olaryň-da dokumentleri düzüw däl” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, nobata garaşýan adamlaryň aglabasy ýurtdan hemişelik göçüp gitmäge isleg bildirýän türkmenistanlylar bolup, olar özara edýän gürrüňlerinde Türkmenistanda ýaşamagyň agyrlaşandygyny, ýurtda iş mümkinçilikleriniň ýokdugyny we maşgala eklemegiň kynlaşandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ykdysady şertleriň agyrlaşmagy bilen daşary ýurtlara eklenç gözleginde ýurdy terk etmäge isleg bildirýän adamlaryň sany, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, ep-esli köpeldi.

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, mümkinçiligi bolan türkmenistanlylar esasan Russiýa we Türkiýe ýaly ýurtlara gidýärler.

Azatlyk Radiosy Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň türkmenistanlylaryň ýurtdan hemişelik göçüp gitmegine mümkinçilik döredýän programmasy barada mundan ozal maý aýynda-da habar beripdi.

Şonda Azatlygyň ýerli habarçysy ilçihananyň türkmenistanly raýatlara Russiýa Federasiýasynyň esasan Uzak Gündogar sebitlerine göçüp barmak mümkinçiliklerini hödürleýändigini habar beripdi.

Türkmenistan daşary ýurtlara, şolaryň hatarynda Russiýa göçüp gidýän raýatlarynyň sany barada resmi maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG