Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köp sanly türkmenistanly Russiýa göçmek üçin Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde uzyn nobatlara garaşýar


Aşgabatdaky rus ilçihanasy Russiýa göçmäge isleg bildirýän türkmenistanlylaryň ýüz tutmalaryny kabul edip başlady

Şu günler Russiýa göçmek üçin Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde uzyn nobatlara durýan türkmenistanlylary görse bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 10-njy maýda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Aşgabatdaky rus ilçihanasy Russiýa göçmek isleýän türkmenistanlylaryň arzalaryny kabul edýär. Nobata duranlar Russiýa göçüp gitmek statusyna eýe bolmak üçin ilçihana ýüz tutýar.

“Hepdäniň başynda men ol ýere baryp gaýtdym. Russiýa Federasiýasyna göçmek üçin nobata garaşýan adamlaryň sany gaty köp. Ýöne geň ýeri, nobata garaşýanlaryň arasynda milleti türkmen bolan adamlar hem köp. Çen bilen aýtsam, garaşýanlaryň tas ýarysy, 40 %-e golaýy türkmendir. Entek köp sanly adam nobata-da ýazylýar. Bu gün aýyň soňy üçin nobata ýazyldylar” diýip, habarçy 10-njy maýda maglumat berdi.

Aşgabatdaky rus ilçihanasy Russiýa göçüp barmak statusyna eýe bolmak isleýän türkmenistanlylaryň arzalaryny kabul edip başlady
Aşgabatdaky rus ilçihanasy Russiýa göçüp barmak statusyna eýe bolmak isleýän türkmenistanlylaryň arzalaryny kabul edip başlady

Onuň sözlerine görä, Aşgabatdaky rus ilçihanasy türkmenistanly raýatlara Russiýa Federasiýasynyň Uzak Gündogar sebitlerine göçüp barmak mümkinçiliklerini hödürleýär.

“Ýöne adamlar muňa-da razy. Türkmenistanda ýaşaýyş şol derejede agyrlaşan bolmaly!” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy gürrüň berdi.

Russiýanyň Uzak Gündogar sebitleri ýaşaýyş-durmuş şertleriniň tebigy taýdan amatsyzlygy bilen tanalýar.

Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň binasy "Saparmyrat Türkmenbaşy" we "Magtymguly" köçeleriniň çatrygyndan Aşgabadyň günorta bölegine, Belarus ilçihanasynyň ýerleşýän ýeri bolan "Gypjak" köçesiniň ugruna göçürilipdi. Ilçihananyň ozalky binasynda Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň wekilligi galdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy geçen dekabrda-da rus ilçihanasynda uzyn nobatlaryň saklanyp galýandygyny, köp sanly türkmenistanlylaryň Russiýa göçüp gitmäge rugsat berýän statusa eýe bolmak üçin rus konsulhanasyna ýüz tutýandygyny habar beripdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri türkmenistanlylaryň ýurtdan gitmäge bildirýän islegleriniň ýurtda ykdysadyýetiň agyrlaşmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.

Türkmenstan daşary ýurtlara, şolaryň hatarynda Russiýa göçüp gidýän raýatlarynyň resmi sany barada maglumat bermeýär.

Aşgabatdaky rus ilçihanasy Russiýa göçüp barmak statusyna eýe bolmak isleýän türkmenistanlylaryň arzalaryny kabul edýär
Aşgabatdaky rus ilçihanasy Russiýa göçüp barmak statusyna eýe bolmak isleýän türkmenistanlylaryň arzalaryny kabul edýär

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Russiýa göçüp gitmek üçin ilçihana ýüz tutýan adamlary wagtal-wagtal türkmen howpsuzlyk gulluklary gürrüňdeşlige çagyrýar.

Türkmenistanda soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklaryň ýitelmegi bilen, ýurtdan çykmaga isleg bildirýän adamlaryň sany görnetin köpeldi. Beýleki tarapdan, dörän bu ýagdaýa parallellikde türkmen häkimiýetleriniň ýurduň daşyna çykmaga isleg bildirýän raýatlaryň öňüni baglaýandygy barada-da habar berlipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG