Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda ýerli un söwda tekjelerinden ‘ýitirim boldy’


Türkmenistanda öndürilen un. Türkmen Döwlet habarlar agentliginden (TDH) alnan surat.
Türkmenistanda öndürilen un. Türkmen Döwlet habarlar agentliginden (TDH) alnan surat.

1-nji sentýabrdan başlap Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde ýerli un söwda tekjelerinden ýitirim boldy diýip, “Türkmen.news” neşiri habar berýär.

“Munuň sebäpleri heniz belli däl, ýöne bu çöregiň bahasynyň iki esse ýokary galmagyna getirdi: mundan ozal bazarlarda we hususy dükanlarda iň arzan çörek 2-3 manatdan bahalanan bolsa, häzir ol 4-5 manada durýar” diýip, neşir 1-nji sentýabrda çap eden habarynda belleýär.


Aýdylmagyna görä, döwlet dükanlarynyň öňünde uzyn çörek nobatlaryny hem görse bolýar. Bu ýerde bir sany buhanka çöreginiň bahasy 0,60 manat möçberinde saklanyp galýar. Ýöne döwlet dükanlaryna getirilýän buhanka çörekleri nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýär.

“Ýerli ýaşaýjylar Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde ýa-da satmak üçin unuň iberilen bolmagynyň ähtimaldygyny çaklaýarlar” diýip, neşir Türkmenabatdaky çeşmesine salgylanýar.

Şeýle-de, neşir şäherde dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň birden ýokarlanandygyny hem aýdyp, geçen hepdäniň ahyrynda 1 amerikan dollary 17,3 manada barabar bolan bolsa, 1-nji sentýabrda 18,1 manatdan bahalanýandygyny hem belledi.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary özüniň Lebap welaýatyndaky habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Ýöne 1-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy welaýatda unuň hem gytalýandygyny, hem-de gymmatlaýandygyny habar beripdi.

“Obalaryň käbirindäki döwlet dükanlarynda bir halta uny 60 manatdan satýarlar. Uny hususyýetçilerden aljak bolsaň, haltasyny 140 manatdan bahalaýarlar. Ýöne ol hemişe tapylyp durmaýar” diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de ol il arasynda “un gytaljak, gymmatlajak”diýen gürrüňleriň hem bardygyny belledi.

31-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy ýurtda gök-bakja, miwe ekinlerini iň köp öndürýän sebitde bu ýyl awgustyň aýagynda hem pomidoryň gymmatlaýandygyny gürrüň beripdi.


Şeýle-de ol Lebapda tüwiniň hem gaty gymmatlandygyny, häzir onuň 1 kilogramynyň 22-30 manat aralygynda bahalanýandygyny, geçen ýyl nyrhlaryň 6-7 manat derejesinde bolandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy awgustda geçiren hökümet maslahatynda ýurtda azyk bolçulygyny döretmek üçin uly işleriň edilýändigi hakynda öňki aýdan sözlerini gaýtalady.

Şeýle-de, 20-nji awgustda “Türkmenistan Altyn Asyr” saýtynda “Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady” atly makala çap edildi.

“Geçen galla oragy möwsüminiň barşynda 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy. Munuň özi ýurdumyzy galla bilen üpjün etmäge doly esas berýär. Mundan başga-da, Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri artyk ýetişdirilen azyklyk bugdaýy eksport etmäge mümkinçilik alýar” diýlip, makalada bellenilýär.

Ýerli synçylaryň ençemesi gök-bakja önümleriniň geçen ýylyň degişli döwründäki bahalary bilen deňeşdirilende ençeme esse gymmatlandygyny, şeýle-de un, çörek, şeker we ýumurtga ýaly önümleriň gytçylygynyň dowam edýändigini aýdyp, munuň azyk bolçulygynyň döredilendigi, önüm öndürijiler üçin ähli şertiň bardygy barada aýdylýanlary ýalana çykarýandygyny belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG