Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident 'ähli şert bar' diýýär, Lebapda azyk gymmatlaýar, Daşoguzda obalar çolarýar


"Lebabyň bazarlarynda häzir tüwi 22-30 manat aralygynda bahalanýar, geçen ýyl nyrhlar 6-7 manat derejesinde bolupdy” diýip, habarçy aýtdy.
"Lebabyň bazarlarynda häzir tüwi 22-30 manat aralygynda bahalanýar, geçen ýyl nyrhlar 6-7 manat derejesinde bolupdy” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamamedow 30-njy awgustda geçiren hökümet maslahatynda ýurtda azyk bolçulygyny döretmek üçin uly işleriň edilýändigi hakynda öňki aýdan sözlerini gaýtalady, pagtaçylara we gallaçylara ak pata berdi; Azatlygyň habarçylary gök-bakja we miwe önümleriniň bahalarynyň barha ýokary galýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanda adatça awgust aýynyň aýagynda gök, bakja we miwe önümleri bol bolýar we bahalar arzanlap, hojalykçy maşgalalar gyş üçin hem azyk ätiýaçlyklaryny aňsatja taýýarlap bilýär diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Lebap welaýaty ýurduň gök-bakja wemiwe önümlerini iň köp öndürýän sebiti bolup durýar.

Ýöne bu ýerde hemişe bol bolan gök önümler bu ýyl bol däl, bahalar ýokary, köp adamyň gyş üçin gök, bakja önümlerini taýýarlamaga gurbaty çatmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Aýdylmagyna görä, şu günler Lebabyň bazarlarynda iň arzan pomidoryň kilogramynyň bahasy 5.50 manatdan başlanýar; kartoşkanyň kilogramy – 10, armydyňky - 14, hyýaryň kilogramy – 5 başlanýar, gawunyň biri 12 manatdan 30 manat aralygynda bahalanýar diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli synçylar gök-bakja önümleriniň geçen ýylyň degişli döwründäki bahalary bilen deňeşdirilende ençeme esse gymmatlandygyny, munuň azyk bolçulygynyň döredilendigi, önüm öndürijiler üçin ähli şertiň bardygy barada aýdylýanlary ýalana çykarýandygyny aýdýarlar.

Mysal üçin, geçen ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda pomidoryň kilogramy 1 manatdan satylýardy, kartoşkanyň kilogramy – 3, gawun – 4, hyýar – 1 manatdan satylýardy diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylar aýtdylar.

Lebap şalynyň hem köp ekilýän künjekleriniň biri bolup durýar. Emma bu ýyl, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, tüwiniň bahasynyň hem gaty gymmatlaýandygy habar berilýär.

Lebabyň bazarlarynda häzir tüwi 22-30 manat aralygynda bahalanýar, geçen ýyl nyrhlar 6-7 manat derejesinde bolupdy” diýip, azyk önümleriniň bahalaryndaky üýtgeşmeleri yzlaýan bazar işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Türkmenistanda geçen ýyl galla hasyly pes bolup, un, mal iými gytçylygy döredi. Emma häkimiýetler planlaşdyrylan bugdaý, pagta hasyllarynyň ýygnalýandygyny aýdýarlar.

Prezident Berdimuhamedow hökümet maslahatynda pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine ak berende, “daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de toprakdan bol hasyl öndürmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär” diýdi.

Olar ýokary hilli tohumlar, dökünleriň dürli görnüşleri, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de ýeterlik mukdarda suw serişdeleri bilen doly üpjün edilýär” diýip, döwlet baştutany on ýyldan gowrak wagt bäri aýdýan sözlerini gaýtalady.

Türkmenistanda durmuşyň ähli pudagyna kontrollyk edýändigi aýdylýan prezidentiň patasyna laýyklykda, ýurduň welaýatlarynda 4-nji sentýabrdan bugdaý ekişine, 11-nji sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, 18-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna başlanylýar.

Azatlygyň habarçylary bu ýylyň pagta ýygym möwsümine “prezident patasyndan” has öň başlanandygyny we bu işiň turuwbaşdan mejbury zähmet bilen utgaşandygyny habar berdiler.

Şonuň bilen wagtda, guramaçylyk, suw, tehnika, dökün ýetmezçilikleri bilen bagly, bu ýylyň pagta hasylynyň hem gowy däldigi habar berilýär.

Ýerli synçylar, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän agronomlar ozal öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň yglan eden “Täze oba syýasaty”, soňra Berdimuhamedowyň “oba hojalyk syýasatlary”, giň ýaýran korrupsiýa netijesinde Türkmenistanyň oba hojalygynyň “halys bagryny ýere berendigini”, bu ýagdaýyň oba adamlarynyň köpçülikleýin ýurtdan çykyp gitmegine alyp gelendigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamow türkmen häkimiýetleriniň häzirki emele gelen azyk kynçylyklaryndan çykmak üçin Hytaýyň tejribelerini ulanmagyny maslahat berýär.

Şu aralykda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Daşoguz welaýatynyň obalarynyň örän tizlikde boşap barýandygyny, ozal her maşgaladan bir ýa iki adam daşary ýurtlara gazanja giden bolsa, indi tutuş maşgalalaryň göçüp gidýändigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG