Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýene-de bazar ykdysadyýetine geçmek maslahat ediler


Berdimuhamedow ilatyň girdejileriniň “artandygyny” aýdýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:30 0:00

WIDEO:Halk Maslahatynyň Birinji mejlisinde-de prezident Berdimuhamedow bazar ykdysadyýetine geçmegiň ähmiýeti barada çykyş etdi. Maslahatda ilatyň suw, elektrik energiýasy, gaz we duz bilen mugt üpjünçiligini ýatyrmak teklip edildi (2018-nji ýyl, 25-nji sentýabr)

2-nji sentýabrda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklary we beýleki käbir meseleleri maslahat etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy Rejep Bazarow maslahata görülýän taýýarlyk çäreleri barada prezidente hasabat berdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany häzirki döwürde Türkmenistanda “bazar gatnaşyklarynyň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny” aýdyp, “bu gatnaşyklary kadalaşdyrmak meseleleriniň örän wajypdygyny” belläpdir.

Resmi habardan mälim bolşuna görä, prezident bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň ähmiýetini, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmalydygyny nygtapdyr.

Ýatlasak, Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň Birinji mejlisinde “bazar gatnaşyklaryna geçilýändigi” aýdylyp, Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň gaz, suw, duz we elektrik energiýasy bilen mugt üpjünçiligi ýatyryldy.

Bu serişdeleriň mugt üpjünçiligi ýatyrylanda hökümet agzalýan ýeňillikleriň Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýändigini aýdypdy.

Berdimuhamedow: Ýeňillikler bazara geçmegi bökdeýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

WIDEO: Ýeňillikler bazara geçmegi bökdeýär (2016-njy ýyl)

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 25-nji sentýabrda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde geçiriler.

Duşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň dowamynda prezident Berdimuhamedow Halk Maslahatyna gelip gowuşýan teklipleri hasaba almagy, olary seljermegi we umumylaşdyrmagy tabşyrypdyr.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 28-nji awgustda Halk Maslahatyna gatnaşyjy bir wekiliň sözlerine salgylanyp, häzirki wagtda Maslahatda “göz öňünde tutulýan teklipleriň oňa gatnaşyjy wekillere öwredilýändigini” habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, üstümizdäki Halk Maslahatynyň gün tertibinde ilatyň mellek ýerlerine we olaryň saklaýan mallaryna degişli salgytlaryň möçberini artdyrmak, bu töleglere degişli ozal bar bolan ýeňillikleri aradan aýyrmak, awtomobil ýollaryna degişli tölegleriň möçberini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde ýokary klas okuwçylaryň okuw kitaplaryny tölegli etmek, ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylara berilýän bilimi tölegli görnüşe geçirmek ýaly teklipler maslahat edilýär.

“Häzirki wagtda ähli welaýatlardan Halk Maslahatyna gatnaşýan raýatlara ýygnakda geplejek sözleri öwredilip, bir aý çemesi olara taýýarlyk geçýärler. Söz beriljek raýatlaryň her bir sözi ýörite gulluklaryň işgärleriniň gözegçiliginde olara öwredilýär” diýip, mediada çykyş etmäge ygtyýarsyz halk wekili gizlinlik şertlerinde 28-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

TDH halk maslahatlarynyň şäher we regional agzalarynyň ilat arasynda wagyz işlerini ýygjamlaşdyrýandyklaryny habar berýär.

Azatlyk Radiosy Halk Maslahatynyň Ikinji mejlisiniň gün tertibine girizilmegi ahmal meseleleriň jikme-jikligi barada degişli döwlet edaralaryndan goşmaça maglumat alyp, ýa-da bar bolan maglumatlary tassykladyp bilmedi.

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Ýaşulular Maslahatynyň soňky mejlisinde Halk Maslahatynyň täzeden dikeldilýändigi mälim edildi we onuň ilkinji mejlisi 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 6-njy maddasyna 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda girizilen goşmaçalar Halk Maslahatyny “Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara” diýip kesgitleýär.

Türkmenistanda Halk Maslahaty ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan döredildi we Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda bu wezipä saýlanmagy bilen Halk Maslahaty ýatyryldy. Ýöne aradan 10 ýyl geçensoň, 2017-nji ýylda Türkmenistanda Halk Maslahaty täzeden dikeldildi.

Synçylar bu ýokary wekilçilikli edaranyň ýurtda döwlet baştutanlarynyň şahsyýet kultuny ösdürmekde hem-de ýurduň parlamenti tarapyndan kabul edilen kanunlardan sowlup geçilmegini üpjün etmekde ulanylandygyny aýdýarlar.

Halk maslahaty prezidenti öwmekde çeperçilik görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:45 0:00

WIDEO: Halk Maslahatyna gatnaşyjylar prezidenti öwmekde çeperçilik görkezdi (2018-nji ýyl)

TDH-nyň maglumatyna görä, 2-nji sentýabrda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti döwlet edaralarynyň, şol sanda Halk Maslahatynyň işini düzgünleşdirýän, şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirýän “kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmagyň” ähmiýetine ünsi çekipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG