Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marylylar unuň gapdalyndan zaýa kartoşkany satyn almaga mejbur edilýär


Un (Türkmenistanda öndürilen un. Türkmen Döwlet habarlar agentliginden alnan surat) we kartoşka.

5-nji sentýabrda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki käbir döwlet dükanlarynda ýerli un çäkli möçberde satyldy. Ilat köpçüligi unuň gapdalyndan 2 kilogram zaýalanan kartoşkany hem satyn almaga mejbur edildi. Unuň satylmagy bilen bagly, döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi.

“Şu gün şäheriň Tolstoý köçesiniň ugrundaky iki sany döwlet dükanynyň öňünde uly nobatlar bardy. Un satyn almak üçin bu ýerde nobata duran adamlar ýerli unuň gelendigini, ýöne ýaşaýjylara diňe geçen aýyň paýogynyň, ýagny maşgaladaky her adam üçin diňe 5 kilogram unuň satylýandygyny aýtdylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 5-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda her aýda adam başyna 5 kilogram ýerli un ýeňillikli bahadan, ýagny 1 kilogramy 1 manatdan satylýar. Bu un hususy eýeçilikdäki söwda nokatlarynda 1 kilogramy 5 manatdan satylýar.

Ýöne habarçy döwlet eýeçiligindäki dükanlarda ýaşaýjylaryň 5 kilogram ýerli unuň gapdalyndan zaýalanan we ýa-da möhleti geçen azyk we senagat önümlerini satyn almaga mejbur edilýändigini, ýogsa olara unuň satylmaýandygyny hem belleýär.

“Bu gezek her hojalyk unuň ýany bilen ýerli kartoşkanyň 2 kilogramyny satyn almaga mejbur edilýär. Onuň içine zaýa, çüýräp, eräp başlan kartoşkany hem salyp, bir paketden berip durlar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, döwlet dükanynyň işgärleri bu kartoşkanyň her 1 kilogramy üçin ýaşaýjylardan 10 manat, jemi 20 manat talap edýärler. Ýöne hususy eýeçilikdäki dükanlarda bu kartoşkanyň 1 kilogramy 7 manatdan satylýar. Şeýle-de, bu dükanlarda ilat köpçüligi kartoşkany saýlap-seçip satyn alyp bilýär.

“Adamlar närazy. Olar nägileliklerini aç-açan aýdýarlar, ýöne dükan satyjylary olara gulak hem asmaýar. Adamlar uny hususy dükanlardan satyn alsalar, mundan hem gymmada düşjekdigine düşünip, alaçsyz kartoşkany satyn almaga razy bolýarlar” diýip, habarçy belledi.

Şeýle-de, ol döwlet dükanlarynyň her biriniň öňündäki nobatlara seržant eşigindäki iki harbynyň we raýat eşigindäki adamlaryň gözegçilik edýändigini hem aýtdy.

“Olar nobatlaryň surata ýa-da wideo düşürilmeginiň öňüni alýarlar. Bir pursatda nobatda duran adamlaryň arasynda uly goh turdy. Şonda döwlet dükanynyň gapdalyndaky hususy dükan eýesi öz mobil telefonyny çykaryp, surata ýa-da wideo düşürjek bolanda, ýoluň gyrasynda duran raýat eşigindäki oglanlar geldiler we onuň telefonyny elinden aldylar. Soňra-da, ol ‘duruň, dükanymy ýapaýyn’ diýse-de, ony diňlemediler we maşyna mündirip alyp gitdiler” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, Marynyň Wekilbazar, Oguzhan, Mary we Baýramaly etraplaryndaky döwlet dükanlarynda ýerli un heniz hem satylmaýar.

Türkmenistanyň paýtagtyndaky we Mary, Lebap, Daşoguz, Balkan welaýatlaryndaky döwlet dükanlarynyň söwda tekjelerinde ýerli unuň we çöregiň köplenç satuwa çykarylmazlygy bilen bagly ýagdaý soňky iki aýyň dowamynda güýçlendi.

“Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän döwlete degişli azyk dükanlarynda bir hepde bäri çörek satylmaýar. Dükançylar nobata garaşýan adamlara çöregiň we unuň şu hepdäniň dowamynda elýeterli boljakdygyny aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň balkanly habarçysy 5-nji sentýabrda habar berdi.

4-nji sentýabrda maryly habarçy Oguzhan etrabynyň ýaşaýjylarynyň ençemesine salgylanyp, mundan birnäçe gün ozal etrabyň döwlet dükanyna 50 halta çemesi unuň gelendigini, şonda ony satyn almak üçin adamlaryň arasynda uruş-dawanyň, depeleşigiň hem bolandygyny belledi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky un we çörek gytçylygyny ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Ýöne ýurtda dowam edýän azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň fonunda, 4-nji sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrini wezipesinden boşatdy. Resmi mediada Amandurdy Işanowyň “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadylandygy aýdylsa-da, jikme-jik maglumat berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG