Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, “Türkmen edermen” medalyny döretmegi tabşyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Howpsuzlyk mejlisine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. TDH-nyň maglumatlaryna görä, mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýanwar – awgust aýlarynda bitirilen işlere garalypdyr.

Prezident Berdimuhamedow “Türkmen edermen” medalyny döretmek boýunça döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna tabşyryk berdi.

Resmi metbugata görä, mejlisiň barşynda Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk çäreleri hem maslahat edilipdir.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda we paýtagt Aşgabatda şu günler güýçli depginde Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk çäreleri geçirilýär.

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde türkmen prezidentiniň we harby düzümleriň ýolbaşçylarynyň welosipediň üstünde harby-okuw türgenleşikleri synlaýan pursatlary görkezildi.

Resmi metbugata görä, mejlisden soň döwletiň howpsuzlyk aparatynyň ýolbaşçy düzümi “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby türgenleşigine gatnaşdy.

“Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlaryň görkezme harby-okuw türgenleşigi mundan ozal 13-nji iýunda geçirilipdi.

Döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Watan” habarlar gepleşiginiň penşenbe güni efire berlen sanynda harby türgenleşikleri synlandan soň, Garagum çölünde awtoulag sürýän prezident görkezildi.

Resmi media prezident Berdimuhamedowy kuwwatly awtoulagda çölde menzil aşandygyny nygtady hem-de Garagum çölüniň aýratynlyklaryny mahabatlandyrdy.

Taryhy çeşmeler geçmişde türkmen taýpalarynyň Garagum çölüni harby maksatlar üçin gaçybatalga hökmünde ulanandygyny habar berýär.

Türkmenistanda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mundan ozalky mejlisi bir aý mundan ozal, prezidentiň saglyk ýagdaýy barada çykan habarlaryň fonunda, 7-nji awgustda geçirilipdi.

Resmi medianyň ýurduň goranyş kuwwatyny we türkmen goşunynda şahsy düzümiň durmuş üpjünçiligini mahabatlandyrýan wagty, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary Türkmenistanda harby bölümlerde esgerleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýagdaýynyň gowşakdygyny, olaryň käbirleriniň zulum-süteme we kemsitmelere sezewar bolýandygyny hem-de pagta ýygym möwsüminde harbylaryň köpçülikleýin ýurduň pagta meýdanlaryna ugradylýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanda “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlaryň 5-nji sentýabrda geçiren görkezme harby okuw türgenleşigine prezident Berdimuhamedowyň özi gatnaşmady.

Mundan ozal harbylar bilen geçiren käbir göçme duşuşyklarynda Berdimuhamedowyň tigriň üstünde ýa-da ýerde nyşana ok atýan, sowuk ýaraga erk edýän, ýa-da beýleki harby maşklary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän pursatlary döwet telewideniýesinde görkezilýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG