Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleriniň nobatdaky ýygnanyşygy 23-nji sentýabrda geçiriler


Aşgabat aeroportunda boş ýere bilet almak üçin garaşýan türkmenistanlylar.

Wise-premýer Pürli Agamyradowyň 6-njy sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde habar bermegine görä, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahaty ýurt garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 23-nji sentýabrda geçiriler.

TDH bu foruma dünýäniň dürli döwletlerinden çagyrylan wekilleriň, şol sanda Türkmenistanda işleýän we ýaşaýan daşary ýurtly türkmenleriň gatnaşjakdygyny habar berýär.

Maslahatda, adatça bolşy ýaly,ynsanperwer birleşigiň ýylyň dowamyndaky işiniň netijeleri barada hasabat diňleniler, birleşigiň agzalary öz alyp baran işleri barada gürrüň bererler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Agamaradowyň maslahata görülýän taýýarlyk barada beren hasabatyny diňläp, daşary ýurtly türkmenler bilen alnyp barylýan işiň many-mazmunyny we ugurlaryny giňeltmegiň, telekeçilik ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Dünýä türkmenleri bileleşigi 1991-nji ýylyň oktýabrynda, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan, daşary ýurtlardaky türkmenler bilen gatnaşygy gowulandyrmak maksady bilen döredildi.

Emma muňa garamazdan, dürli taryhy sebäpler esasynda daşary ýurtlarda galan etniki türkmenleriň wekilleri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde resmi Aşgabadyň her ýyl esasan ýaranjaňlyk edýän adamlara wiza berýändigini, şol bir wagtda goňşulykdaky Eýrandan we Owganystandan on müňlerçe türkmeniň ata-baba ýurduna bir gezek zyýarat etmek barada edýän haýyşlaryny hem bitirmeýändigini aýdýarlar.

Şu aralykda türkmenistanlylaryň, syýasy-ykdysady kynçylyklar bilen bagly, barha köp ýurtdan çykmaga çalyşýandygy, soňky on ýylda 2 million çemesi raýatyň başga ýurtlara ýaşamaga gidendigi habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG