Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CIA-iň özüni Putin hakda gizlin maglumatlar bilen üpjün eden bir rus raýatyny 2017-nji ýylda Orsýetden çykarandygy aýdylýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Medianyň maglumatyna görä, Merkezi aňtaw gullugy (CIA) özüni prezident Wladimir Putin, şol sanda 2016-njy ýylky prezident saýlawlaryna Orsýet garyşdy diýilýän gürrüňler hakda ýokary dereje gizlin maglumatlar bilen üpjün eden bir rus raýatyny 2017-nji ýylda Orsýetden çykarypdyr.

New York Times, CNN, we Waşington Post neşirleriniň habarynda bu adamyň Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugy üçin gymmat baha baýlyk hasaplanandygy, Putiniň ýakyn töweregine degişli bolmasa-da, onuň Orsýetiň howpsuzlyk planlaryna we beýleki gizlin maglumatlara elýeterliginiň bolandygy aýdylýar.

Ady agzalmadyk rus resmileri “Kommersant” gazetine bu habarlaryň nädogrudygyny aýtdylar.

Merkezi aňtaw gullugyň metbugat wekili hem CNN telekanalyna habar “ýalňyş maglumatlara esaslanýan çen-çak” diýdi. Ak tamyň sözçüsi habary nädogry diýip atlandyrdy.

New York Times gazetiniň habarynda aýdylmagyna görä, bu adam Birleşen Ştatlary onlarça ýyllap gizlin maglumatlar bilen üpjün edipdir. Ol beren maglumatlary bilen Amerikanyň aňtaw gulluklarynyň Donald Trampyň prezidentlige ymtylmagynyň bähbidine prezident saýlawlaryna garyşmak baradaky tagallalara Putin göni gatnaşypdyr diýen netijä gelmegine kömek edipdir.

Gelnen netije Tramp saýlawda Demokratik partiýanyň kandidaty Hillary Klintondan üstün çykanyndan takmynan alty hepde soňra, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň başlarynda, ýagny Tramp prezident bolup iş başyna geçmezden iki hepde öň köpçülige ýetirildi.

Kongresiň komissiýasy hem 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasyna seredip, şonuň ýaly netijä geldi.

New York Times gazetiniň ýazmagyna görä, 2016-njy ýylyň aýaklarynda we 2017-nji ýylda CIA gürrüňi edilýän adamy Moskwadan çykarmaga synanyşypdyr. Ýöne ol maşgala aladalary sebäpli muny ret etse-de, 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda razylyk beripdir.

Gazetiň habarynda informantyň Putiniň ýakyn töweregine degişli bolmandygy, ýöne onuň Kremlde gelnen ýokary dereje kararlara elýeterliliginiň bolandygy bellenýär.

CNN telekanalynyň maglumatyna görä, bu adamy Orsýetden çykarmak kararyny körükdiren Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň Trampyň gizlin maglumatlary rus resmilerine, şol hatarda 2017-nji ýylyň maýynda Ak tamda geçen duşuşykda, syzdyran bolmagy mümkin diýen alada bolupdyr.

Bu Ak tamyň metbugat wekili tarapyndan berk ret edildi.

New York Times bilen Waşington post bolsa, bu karara şol wagt köpsanly amerikan mediasynyň Birleşen Ştatlaryň Moskwada informantynyň bolmagynyň mümkindigine salgylanmagynyň esasynda gelnendigini ýazýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG