Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus häkimiýetleri tutuş ýurt boýunça Nawalnynyň fondunyň ofislerini dökýär


Alekseý Nawalny goldawçylary bilen surata düşýär.

Ýoldaşlarynyň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, rus häkimiýetleri kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň Orsýetiň çar künjegindäki edaralaryna reýd geçirdiler.

“Agora” adam hukuklary guramasynyň lideri Pawel Çikow 12-nji sentýabrda Telegramda Nawalnynyň we saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz “Golos” guramasynyň edara jaýlary 38 şäherde dökülýär diýip ýazdy.

“Mediazona” we Orsýetdäki protestleri hem-de tussag etmeleri yzarlaýan OVD-Info internet habar neşirleri hem şol gün Nawalnynyň onlarça edara jaýynyň, onuň ýoldaşlarynyň jaýlarynyň Orsýetiň çar künjeginde barlanandygyny habar berdiler.

Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň proýekt-menejeri Leonid Wolkow Telegramda öý dökmelerini häkimiýetler tarapyndan amala aşyrylýan “terror hereketi” hökmünde häsiýetlendirdi.

"Ir bilen gurnalan operasiýa ýüzlerçe kanun berjaý ediji ofiser gatnaşdy... Bu operasiýanyň maksadynyň biziň bölümlerimizdäki işjeňlikleri weýran etmekden ybaratdygy görnüp dur” diýip, Wolkow ýazdy.

Polisiýa 10-njy sentýabrda Nawalnynyň fondunyň ýene bäş şäherdäki ofislerini dökdi.

Polisiýa geçen hepde we awgustyň başynda Nawalnynyň Moskwadaky, Sankt-Peterburgdaky edara jaýlaryny hem dökdi, şonda derňew komiteti Nawalnynyň fondy tarapyndan pul ýuwmak ähtimallygynyň garşysyna derňewe başlanandygyny aýtdy.

Nawalny we onuň topary bu aýdylýanlary ret edýär we häkimiýetleriň fonduň bölümleriniň maliýe goldawlaryny kesmäge çalyşýandyklaryny öňe sürýär.
.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG