Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanly raýat aktiwisti Gurbandurdy Durdygulyýew bir ýyl ozal dünýäsini başgalady


Gurbandurdy Durdygulyýew, 2008 ý.
Gurbandurdy Durdygulyýew, 2008 ý.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 9-njy sentýabrda raýat aktiwisti Gurbandurdy Durdygulyýewiň bir ýyl gowrak ozal, 2018-nji ýylyň 29-njy iýulynda, Balkan welaýatynyň Suwçy obasynda, 78 ýaşynda aradan çykandygyny habar berdi.

Gurbandurdy aga Azatlygyň iň yhlasly diňleýjileriniň we hyzmatdaşlarynyň biri bolupdy we tä häkimiýetler telefon aragatnaşygyny gutarnykly kesýänçäler radio bilen göni gatnaşykda boldy.

G. Durdygulyýew 2004-nji ýylyň ýanwarynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowa hem-de Balkan welaýatynyň häkimine arza bilen ýüz tutup, 18-19-njy fewralda, Nyýazoywyň doglan gününe gabat Balkanabadyň baş meýdançasynda iki günlük demonstrasiýa geçirilmegine rugsat berilmegini sorady.

“Biz parahatçylykly demonstrasiýa geçirip, prezidentiň we hökümetiň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşmaýandygymyzy aýtmak isleýäris. Şeýle-de, biz bar bolan kemçilikleriň düzedilmegini talap etmekçi. Men demonstrasiýa gatnaşyjylara garşy güýç ulanylmazlygyny haýyş edýärin” diýip, häkimiýetlere iberilen hatda aýdylýardy.

Gurbandurdy aga bu arzany ýazmazyndan öň hem Saparmyrat Nyýazowyň alyp barýan syýasaty baradaky tankydy pikirlerini açyk aýtmakdan çekinmeýärdi we 2004-nji ýylyň fewralynda zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirilmezinden öň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde ýaşlaryň syýasatdan çeke durmagynyň sebäpleri barada öz pikirini aýdypdy.

Amnesty International, Halkara günä geçiş guramasy tarapyndan wyždan bendisi hökmünde ykrar edilen Gurbandurdy Durdygulyýew, 2004-nji ýylyň fewralyndan 2006-njy ýylyň apreline çenli aralykda, öz sözleri bilen aýtsak, nähak ýerden we zor bilen iki ýyl, iki aý we iki gün ruhy hassahanada saklanyldy.

Ol diňe ABŞ konresmenleriniň prezident Saparmyrat Nyýazowa ýazan haty esasynda azatlyga çykdy. Amerikan kongresmenleri şonda Nyýazowy “diňe öz söz azatlygy hukugyndan peýdalanmaga çalşandygy üçin ruhy hassahana salnan adamy” azat etmäge çagyrdylar.

Ýöne Durdygulyýew azatlyga çykandan soňam azat bolup bilmedi, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri onuň pasportyny elinden alyp, gatnaşaýan adamlaryny gorkuzyp, raýat aktiwistini hemişe berk gözegçilik astynda sakladylar.

Gurbandurdy Durdygulyýew 2007-nji ýylda ýurtda häkimiýet çalşandan soň ýagdaýyň üýtgemegine, raýatlaryň arza-şikaýtlarynyň diňlenmegine, kanun esasynda oppozision syýasy partiýalaryň döredilmegine mümkinçilik berilmegineumyt baglady.

Ol bu umydyny 2007-nji ýylyň oktýabrynda žurnalist Nazar Hudaýberdi bilen hem paýlaşdy we adamlaryň üýtgeşiklik bolmagyna garaşýandygyny, ýöne entek köp kişiden gorkynyň aýrylmaýandygyny aýtdy.

Emma aktiwist 2013-nji ýylyň başynda Azatlyga telefon edip, özüniň oppozision syýasy partiýa döredilemgine rugsat berilmegi, adamlaryň gorkudan çykmagy barada eden umytlarynyň boş çykandygyny boýun aldy we Türkmenistanyň prezidentine özüniň gatnaşmagyna rugsat edilýän adamlar barada resmi ygtyýarnama bermegini haýyş edip, hat ýazandygyny gürrüň berdi.

Bellemeli ýeri, aktiwistiň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna, halkara guramalaryna ýazan hatlary jogapsyz galdy.

Şol bir wagtda halkara guramalary Türkmenistany adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny, raýatlaryň hukuklary we azatlyklary boýunça öz kabul eden kanunlaryny ýerine ýetirmäge çagyrýarlar.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan, halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar,metbugat, söz azatlygy boýunça dünýäde Demirgazyk Koreýadan hem yzdaky orunda durýar.

XS
SM
MD
LG