Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan 2020-nji ýyldan hytaý raýatlaryna ýedi günlük wizasyz syýahat teklip edýär


Prezident Şawkat Mirziýoýew Samarkantda bloggerler we žurnalistler bilen surata düşýär.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Samarkantda bloggerler we žurnalistler bilen surata düşýär.

Özbegistan 2020-nji ýyldan hytaý raýatlaryna ýedi günlük wizasyz syýahat teklip edýär, özbek hökümeti bu çäräniň syýahatçylygy ösdürmek üçin görülýändigini aýdýar.

Wizasyz syýahat mümkinçiligi, prezident Şawkat Mirziýoýewiň 12-nji sentýabrda gol çeken kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň başyndan iki ýurduň raýatlary üçin-de, ýagny Hytaýyň we Hoň-Koňyň raýatlary üçin elýeterli bolar.

Bu mümkinçilik diňe Hytaýyň halkara aeroportlaryndan uçýan syýahatçylara berler. Eger syýahatyň çägine üçünji menzil hem girýän bolsa, hytaýly myhmanlaryň wizasyz syýahaty bäş güne çenli çäklendiriler.

Özbegistan Mirziýoýewiň dolandyryşy astynda ýurda syýahat edýän daşary ýurtlularyň möçberini artdyrmak üçin çäre görýär.

Bu çäreler netijesinde 2018-nji ýylda ýurda gelen syýahatçylaryň möçberi iki esse köpelip, 5.3 million adam ýetdi.

2019-njy ýylda işlenip düzülen programma esasynda, Gazagystan tarapyndan berlen wiza Özbegistanda, Özbegistandan berlen wiza bolsa Gazagystanda hem kabul ediler.

Hytaýyň sanawa goşulmagy bilen, indi Özbegistana raýatlary wizasyz syýahat edip bilýän ýurtlaryň sany 65 boldy.

XS
SM
MD
LG