Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde geý erkegi öldürmekde güman edilýän iki adam saklandy


Özbegistanly geý
Özbegistanly geý

Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň polisiýasy geý erkegi zalymlyk bilen öldürmekde güman edilýän iki adamy tussag etdi. Özbegistanda gomeseksuallyk resmi taýdan jenaýat hasaplanylýar.

Daşkent polisiýasynyň Ýunusobod etrabyndaky wekili AÝ/AR bilen 13-nji sentýabrda söhbetdeş bolup, güman edilýän iki adamyň 25 ýaşyndaky Şokir Şawkatowy öldürmekde aýyplanandygyny aýtdy. Şawkatowyň jesedi bir gün öň tapyldy.

Adynyň aýdylmazlygyny soran ofiser, derňew dowam edýän wagtynda maglumat bermäge ygtyýarly edilmändigini aýdyp, Şawkatowyň bedeninde iki pyçak yzynyň bardygyny, onuň damagynyň tasdan doly çalnandygyny gürrüň berdi.

Şawkatow Instagramda özüniň geýdigini aýdypdy. Merhumyň ejesi Azatlygyň Özbek gullugyna häkimiýetleriň oglunyň jesedini jaýlamak üçin bermekden boýun gaçyrandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG