Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene bir türkmenistanly Hindistanda altyn gaçakçylygynda tutuldy


Gyzyl dişli gelin.

Türkmenistanyň raýaty 14-nji sentýabrda Hindistanyň Deli aeroportunda 20 lakhdan, 2 million hindi rupiýasyndan ($28,156.00) gowrak baha durýan altyn gaçakçylygynda güman edilip saklandy diýip, gümrük resmileri altynjy gün aýtdylar.

Ýolgaçy üçünji gün, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan gelende, ýaşyl kanaldan geçende gümrük işgärleri tarapyndan saklandy. Özi we goşlary barlananda, ýolgaçynyň ýanyndan dürli görnüşdäki altyn şaý-sepleriniň 948 gramy çykdy.

Tutulan altynyň agramy çekildi, ýolagçy degişli gümrük düzgünleri esasynda tussag edildi diýip, Outlookindia.com neşiri habar berýär.

Aýdylmagyna görä, ýolagçy mundan öňki iki saparynda hem altyn gaçakçylygyny edendigini boýun alypdyr.

Hindi mediasy mundan öň hem onlarça türkmenistanlynyň hindi aeroportlarynda altyn gaçakçylygynda tutulandygyny habar berdi. Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu habarlara resmi düşündiriş bermeýär.

Türkmenistanda walýutanyň resmi kursy bilen bazar kursunyň arasyndaky uly tapawut, ýurtda erkin walýuta söwdasynyň gadagan edilmegi we manat bilen bagly dürli kynçylyklar telekeçilik bilen meşgullanýan türkmenistanlylary daşary ýurtlara bikanun altyn çykaryp, haryt getirmek töwekgelligine itekleýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG