Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary” täze “Boeing 777-200LR” uçaryny satyn aldy


BAE-niň "Boeing 777-200LR" uçary
BAE-niň "Boeing 777-200LR" uçary

Döwlet eýeçiligindäki “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy bäşinji gün özüniň “Boeing 777-200LR” uçaryny satyn alandygyny aýtdy diýip, “Roýters” habar gullugy 13-nji sentýabrda Aşgabatdan habar berdi.

Täze uçar iýun aýynda yglan edilen planlaryň çäginde satyn alyndy.

“Türkmenhowaýollary” täze uçaryň 2021-nji ýylyň ýanwarynda getiriljekdigini aýtdy, söwdanyň başga detallaryny açmady.

“Boeing” iýunda söwda borçnamasynyň baha sanawy esasynda $346.9 million hasaplanandygyny aýtdy.

Metbugat maglumatlaryna görä, bu uçarda 317-ä çenli ýolagçy ýerleşer.

XS
SM
MD
LG