Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň döwlet dükanlarynda buhanka çöregi her ele çäkli görnüşde satylýar, çilim tapdyrmaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň döwlete degişli azyk haryt dükanlarynda buhanka çöregi her ele 2-den çäkli möçberde satylýar. Onuň döwlet bahasy 60 teňňe (17 sent).

19-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde Maryda azyk harytlaryň, buhankanyň we çilimiň elýeterliligi hem-de olaryň soňky bahalary barada habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Mary şäherinde ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlaryndan buhanka çöregini döwlet bahasyndan satyn almak üçin adamlar dükanlaryň öňünde nobata garaşmaly bolýarlar. Islegli haryt döwlet dükanlarynda diňe irden elýeterli bolýar. Marynyň iýmit önümleri satylýan hususy dükanlarynda buhanka bol bolup, ol 1 manatdan (28 sent) satylýar.

Habarçy käbir iýmit önümleriň döwlet dükanlaryndaky bahalary barada maglumat berdi:

Döwlet dükanlarynda:

  • Towuk budy (1 kilogram) – 10 manat
  • 1 litrlik arassalanmadyk pagta ýagy – 2 manat 60 teňňe
  • Un (1 kilogram) – 1 manat
  • Ýumurtga (1 sany) – 80 teňňe
  • 1 kilogramlyk şeker – 9 manat

Bu bahalar degişli iýmit önümleriniň döwlet eýeçiligindäki azyk haryt dükanlarynda döwlet tarapyndan kesgitlenen bahalary bolup, habarçynyň maglumatyna görä, olar seýrek tapdyrýar.

Habarçy käbir azyk harytlaryň hususy söwdadaky bahalary, ýagny bazar bahalary barada-da maglumat berdi:

Hususy söwdada:

  • Towuk budy (1 kilogram) – 16 manat
  • Arassalanmadyk pagta ýagy (1 litri) – 6 manat
  • Arassalanan pagta ýagy (1 litri) – 12 manat
  • Günebakar ýagy (1 litri) – 15 manat
  • Un (1 kilogramy) – 9 manat
  • Eko ýumurtga (1 sanysy) – 1 manat 50
  • Adaty ýumurtga (1 sanysy) – 1 manat
  • Şeker (1 kilogram) – 10 manat
  • Sogan (1 kilogram) – 5 manat
  • Kartoşka (1 kilogramy) – 8 manat
  • Ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidor (1 kilogram) – 8 manat
  • Atyzda ýetişdirilen pomidor (1 kilogram) – 5 manat
  • Bürünç sortuna görä (1 kilogram) – 13-18 manat aralygynda
  • Türkmen çöregi (Tegelek çörek) – 3-6 manat aralygynda

Habarçynyň maglumatyndan hem mälim bolşy ýaly, köp harydyň döwlet bahasy bilen bazar bahasynyň arasynda uly ara tapawut göze ilýär. Meselem, ýerli ilat üçin iň zerur haryt bolan unuň hususy söwdadaky bahasy onuň döwlet dükanlaryndaky bahasyndan 9 esse gymmat. Şekeriň döwlet bahasy bilen bazar bahasy biri-birine ýakyn. Arassalanmadyk pagta ýagynyň bazar bahasy onuň döwlet bahasyndan 2.5 essä golaý gymmat.

Türkmenistan 2 ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirip gelýär.

Azatlygyň habarçysy Mary şäherinde çilimiň elýeterliligi barada-da maglumat berdi.

Onuň maglumatyna görä, Marynyň döwlet dükanlarynda 3 aýdan gowrak wagt bäri çilim tapdyrmaýar.

Habarçy çilimiň hususy dükanlarda elýeterlidigini aýdýar. Onuň maglumatlaryna görä, maryly hususyýetçiler köplenç “Prestige”, “Royal” (1 gutusy 33 manat), “Milano” (40 manat), “Boston” (33 manat) atly çilimleri satýarlar. Ýöne söwdegärleri has köp girdeji gazanmak üçin, çilimi gutusy bilen däl-de, däneläp satýarlar. Onuň maglumatyna görä, çilimiň 1 dänesiniň bahasy 2 – 2.50 manat aralygyndadyr.

Habarçy Maryda “LM”, “Esse”, “Kent” ýaly çilimleriň düýbünden tapdyrmaýandygyny aýtdy.

Onuň maglumatyna görä, Mary şäherinde polisiýa işgärleri köçede çilim çekýän adamlara jerime salýar.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda karar kabul edildi.

2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda bahasy 3 manatdan satylan çilimler degişli kararyň kabul edilmeginiň yzýany geçen döwrüň dowamynda, ýerli habarçylaryň maglumatyna görä, 30 manada çenli ýagny 10 esse gymmatlady.

Türkmen emeldarlary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary resmi derejede agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG