Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk gytçylygy: Aşgabatda ýumurtga, Maryda towuk budy çäkli möçberde satyldy


Towuk ýumurtgasy
Towuk ýumurtgasy

Aşgabadyň käbir döwlet dükanlarynda towuk ýumurtgasy we Maryda towuk budy çäkli möçberde satyldy. Türkmenistanyň Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky döwlet dükanlarynda ilatyň günübirin sarp edýän azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler.

“Düýn giçlik sagat 7 töweregi Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň birine bardym. Bu ýerde ýumurtganyň satyljakdygyny aýtdylar we bu ýere ortaça 30-35 adam üýşüpdir. Gysga wagt geçip-geçmänkä, ýumurtgany satyp başladylar, ýöne ol ortaça 10-12 adam ýetdi, soňra-da gutardy. Her adam başyna diňe 11 ýumurtgadan satdylar. Olaryň 11 sanysynyň bahasy 5 manada barabar. Ýumurtga ýetmedik nobatdaky adamlar beýleki döwlet dükanlaryna gitdiler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçylarymyzyň biri 17-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýumurtga, un ýa-da ösümlik ýagy ýaly günübirin ulanylýan azyk harytlar käte satuwa çykarylýan bolsa, Lebabyň, Marynyň we Daşogzuň dükanlarynda un, ýumurtga we pagta ýagy tas satylmaýar.

“Mary welaýatynyň Mary şäherindäki döwlet dükanlarynyň birinde iň soňky gezek anna güni towuk budy satyldy. Şonda dükanyň öňünde adamlaryň uly nobatlary döredi. 1 kilogramy 10 manatdan satylan towuk budy derrew gutardy. Adamlar başga dükanlarda ýene bar bolaýmasyn diýip, beýleki dükanlara gitdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri anonim şertde gürrüň berdi.

17-nji sentýabrda söhbetdeş bolan habarçy ilata satylan bu towuk budunyň her 1 kilogramyndan ortaça 150-200 gramynyň buzdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Towuk budy
Towuk budy

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bir işgäriniň anonim şertde beren maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri Garaşsyzlygyň öňýanynda, ilki türkmen paýtagtyny “azyk bolçulygy” bilen üpjün etmäge synanyşýarlar.

“Ýöne häzirlikçe Aşgabadyň döwlet dükanlaryny hem azyk önümleri bilen doly üpjün edip bolanok. Häzir paýtagtda, ýurduň welaýatlary bilen deňeşdirilende, uny belli bir derejede satyn alyp bolýan bolsa-da, towuk ýumurtgasynyň ýetmezçiligi dowam edýär” diýip, ministrligiň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlarynyň görnüşleriniň göz-görtele artandygyny we olaryň bahasynyň hem birneme arzanlandygyny, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy habar berdi. Ýöne ol bazarlardaky harytlaryň nyrhlarynyň ilatyň aglabasynyň maddy güýç ýeterinden heniz hem gymmatdygyny aýdyp, olaryň hyrydarynyň azdygyny gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda un, çörek, towuk ýumurtgasy, towuk budy, şeker, ösümlik ýagy ýaly azyk harytlary, hususy eýeçilikdäki dükanlar we bazarlar bilen deňeşdireniňde, ortaça iki esse arzan bahadan satylýar.

Ýurduň döwlet dükanlarynda bolsa, agzalýan harytlaryň gytçylygy, ýagny olaryň köplenç satuwa çykarylmazlygy bilen bagly ýagdaý indi iki ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär. Ýöne un, çörek, towuk ýumurtgasynyň gytçylygy soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda has-da güýçlenip, döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary döredi.

Geçen hepde Aşgabadyň döwlet dükanlarynda towuk ýumurtgasynyň duýdansyz satylýandygy mälim boldy. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy bolsa, welaýatyň döwlet dükanlarynda unuň goşundyly we pagta ýagynyň nobatly satylýandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri döwlet dükanlaryndaky bu azyk gytçylygy we olaryň öňündäki uly nobatlar barada hiç zat aýtman gelýärler.

Ýöne ýurtdaky azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň fonunda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji sentýabrda ýurduň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowy “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýip wezipesinden boşatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG