Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putini Kremlden kowmaga barýarka tussag edilen şamany Ýakutsk şäherine eltdiler


Putini Kremlden kowmak üçin pyýada Moskwa gelýärkä Burýatiýada tussag edilen şaman Aleksandr Gabyşew

Orsýetiň prezident Wladimir Putini Kremlden kowmak üçin pyýada Moskwa gelýärkä Burýatiýada tussag edilen şaman Aleksandr Gabyşew 20-nji sentýabr güni irden Ýakutsk şäherine eltildi.

Bu maglumaty region hökümetiniň metbugat gullugyna tassyk etdiler. 19-njy sentýar agşamy sosial ulgamlarda we metbugatda Gabişewiň ogurlanandygy hakynda maglumatl;ar peýda boldy.

Regionyň derňew komiteti we IIM-i bu hadysany tassyklamakdan uzak wagt ýüz öwürdi. Polisiýa diňe şu gün şamanyň tussag edilendigi tassyklady. Burýatiýanyň IIM-i Gabyşewiň Ýakutskä iberilýändigini aýtdy.

Sosial ulgamlarda Gabyşewiň uçuş zolagynda duranyny görkezýän surat peýda boldy. Ol “Ýakutiýa” awikompaniýasynyň uçarynyň fonunda dur. Suratyň nirede düşürilendigi mälim däl.

Sosial ulgamlary ulanyjylar teswirlerinde şamanyň Ulan-Udeden Irkutsk şäheriniň üstünden Ýakutskä şäherine uçandygyny ýazýarlar.

Emma muňa garamazdan, ýakut şamanynyň goldawçylary prezident Wladimir Putini Kremlden kowmak üçin Moskwa tarap pyýada ýörişlerini dowam etdirýärler.

Aleksandr Gabyşewiň tarapdarlarynyň biri Wiktor Ýegorow 20-nji sentýabrda AÝ/AR-a ýörişe wagtynda şamana goşulan goldawçylarynyň birnäçesiniň Gabyşewiň missiýasyny ýerine ýetirmek üçin ýörişi dowam etdirýändigini gürrüň berdi.

Bu topar häzir Sibiriň Burýatiýa bilen araçäkleşýän Irkutsk regonynda, Gabyşewiň ýüzleri perdeli polisiýa güýçleri tarapyndan tussag edilen ýerinde ýerleşýär.

Burýatiýanyň IIM-i 19-njy sentýabrda Gabyşewiň tussag edilendigini, sebäbi onuň dogduk Ýakutiýasynda anyklaşdyrylmadyk bir jenaýata dahyllylykda güman edilýändigini aýtdy.

Gabyşewiň tarapdarlary onuň tussag edilmeginiň bu hili düşündirilmegini sorag astyna alýarlar we onuň birnäçe aý bäri sibir ýollaryndan ýöräp gelýändigini, eger Ýakutiýada jenaýatda güman edilýän bolsa, polisiýanyň ony bireýýäm tussag etjekdigini aýdýarlar.

Gabyşew Moskwa tarap ýörişini birnäçe aý öň başlady. Ol iki ýylda Moskwa pyýada barmagy planlaşdyrýandygyny yglan etdi. Ol rus prezidentini “gara güýçleriň döreden zady” diýip hasaplaýandygyny we onuň garşysyna diňe şamanyň durup biljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG