Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanyň Baş prokuraturasy raýatlary “bikanun” ýygnanyşyklara gatnaşmazlyga çagyrýar


Gazak protestçileri. 13-nji sentýabr, Nur-Soltan. .

Gazagystanyň Baş prokuraturasy raýatlary özüniň “bikanun” diýip atlandyran ýygnanyşyklaryna, Gazagystanyň Demokratik seçgi hereketi tarapyndan 21-nji sentýabrda geçirilmekçi bolýan protest çärelerine gatnaşmazlyga çagyrdy.

Baş prokuroryň orunbasary Berik Asylowyň 20-nji sentýabrda döwlet mediasynda çap edilen beýanatynda merkezi aziýa ýurdunyň raýatlaryna kanuny berjaý ediji güýçleriň “bikanun ýygnanyşyklaryň öňüni almak üçin berk çäreleri görjekdigi”, olara gatnaşanlaryňadminstratiw we jenaýat aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy barada duýduryş berilýär.

"Ýykgynçylykly güýçler... sosial we etniki bidüzgünçilige meçew bermek bilen sosial howpsuzlyga wehim salýar. Baş prokuraturanyň edarasy raýatlary kanunlary berk berjaý etmäge, prowokasiýalardan gaça durmaga hem-de biziň ýurdumyzyň çäginde gadagan edilen guramalaryň hereketlerine we işjeňliklerine goşulmazlyga çagyrýar” diýip, beýanatda aýdylýar.

Şu aralykda Almatyda ýerleşýän “Raýat başlangyçlarynyň koalisiýasy” atly hukuk topary 20-nji sentýabrda soňky bäş günde Nur-Soltanda, Almatyda we beýleki birnäçe şäherde, şu aýyň başynda ygtyýar berilmedik ýygnanyşyklary gurnamak ýa-da olara gatnaşmak aýyplamalary esasynda 50 çemesi aktiwiste jerime salnandygyny ýa-da olaryň 7-15 gün aralygynda tussaglyga höküm edilendigini habar berdi.

Toparyň maglumatyna görä, häkimiýetleriň 21-nji sentýabrdaky protestlere gatnaşjak adamlary gorkuzmak üçin, bu aksiýadan öň has köp adama jerime salan bolmagy hem mümkin.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG