Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

70 çagany ogullyga alan rus ruhanysy azgynçylykda aýyplanýar


Orenburg regionynyň Saraktaş şäherinde ýerleşýän Mukaddes Üçlük ybadathanasy
Orenburg regionynyň Saraktaş şäherinde ýerleşýän Mukaddes Üçlük ybadathanasy

Rus prawoslaw ruhanysy, 70 çagany ogullyga we gyzlyga alan dindar jynsy zorlukda, azgynlykda we atalyk borçlaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplanyp tussag edildi.

Orenburg regionynyň Saraktaş şäherinde ýerleşýän Mukaddes Üçlük ybadathanasynyň ýaşulusy, protopreswiter Nikolaý Stremski 25-nji sentýabrda tussag edildi.

Şeýle-de, region sudy Stremskiniň gyzlarynyň birini we onuň adamsyny deslapky tussaghana ýerleşdirdi, olar 18 ýaşyndan kiçi çagalary bikanun azatlykdan mahrum etmekde aýyplanýar.

Bu iş boýunça Stremskiniň howandarlygy astynda bolan ýedi çaganyň pida hasaplanylýandygy aýdylýar.

Stremskiniň aklawçylary öz müşderileriniň aýyplamalaryň ählisini ret edýändigini, çagalaryň özüne garşy beren görkezmeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdýandygyny aýdýarlar.

Stremski Orsýetde, metbugat habarlaryndan soň, 70 çagany ogullyga we gyzlyga alan ruhany diýip tanalýar.

Ol 2006-njy ýylda Halkara Gyzyl haç guramasy we rus hökümeti tarapyndan döredilen “Altyn Ýürek” sylagy bilen sylaglandy.

XS
SM
MD
LG