Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň elektrik edarasy tölegleri öz wagtynda geçirmeýän ýaşaýjylaryň elektrigini kesýär


Marynyň elektrik edarasynyň işgärleri elektrik geçiriji liniýalary bejerýärler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, hojalyk hyzmatlarynyň, şol sanda elektrik energiýasynyň töleglerini öz wagtynda töläp bilmeýän raýatlaryň has köp göze ilýändigini, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy munuň netijesinde etrap elektrik edarasynyň raýatlaryň elektrik energiýasyny kesmegi bilen bagly wakalaryň hem ýüze çykyp başlandygyny aýdyp, 26-njy sentýabrda irden bolan bir wakany gürrüň berdi.

“Şu gün Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap elektrik energiýa kärhanasynyň töleg boýunça hasaplaşyk işgärleri “Atabaýew” daýhan birleşigindäki 10-12 hojalygyň togyny kesdi. Hasaplaşyk işgärleri munuň sebäplerini hojalyklara gelýän elektrik energiýasynyň tölegleriniň öz wagtynda tölenmezligi bilen düşündirdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hasaplaşyk işgärleri oba ýaşaýjylaryna elektrik simlerini ýerine dakdyrsalar, onda olaryň we elektrik energiýasyny birikdirip beren ussanyň kazyýet jogapkärçiligine çekiljekdigini hem duýdurdylar.

“Adamlar ‘Biz tölejek, häzir ýagdaýymyz ýok. Basym oglumyz Türkiýeden pul ibermeli. Siz telefon nomeriňizi bize goýup gidäýiň. Biz pul tapdygymyzdan size jaň edip, tölegleri geçireris’ diýseler-de, olary diňlemediler. Hasaplaşyk işgärleri elektrik diňine çykyp, hojalyklaryň elektrik toklaryny kesdiler” diýip, habarçy belledi.

Habarçy elektrik energiýasy kesilen oba ýaşaýjylarynyň öz goňşy-golamlaryndan haýyş edip, zaýa boljak azyk önümlerini olaryň holodilniklerine geçirýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Toklary kesilen hojalyklaryň arasynda kiçi çagaly maşgalalar hem bar. Şol maşgalalar gije salkyn bolýandygy üçin tok peç ýakyp, çaganyň we ýaş enäniň bolýan jaýyny ýyladandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt şol hojalyklaryň ýaşy ulurak adamlary elektrik edarasynyň başlygyna tölemäge ýagdaýlary bolanda tölegleri tölejekdiklerini aýdyp, ondan elektrik energiýalaryny ýakmaklaryny haýyş etjek bolýarlar.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Mary welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýän “Maryenergo” önümçilik birleşigi we “Maryenergoüpjünçilik” kärhanasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

2018-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap ýeňillikli bahalardan ýa-da mugt berlen hyzmatlary ýatyrdy.

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ilatyň sarp edýän elektrik energiýasynyň, suwunyň we tebigy gazynyň tölegli edilmegi, ýurtda azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň dowam edýän, bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýan hem-de dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 18 manada çenli ýeten mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we ýerli synçylaryň ençemesi maşgalalaryň alýan aýlyk-günlüginiň güzeran aýlamaga köplenç ýetmeýändigini aýdyp, ilatyň gün-güzeranynyň barha kynlaşýandygyny, munuň bilen bagly zir-zibil dörüp, derege ýarajak zat gözleýän adamlary hem has köp görse bolýandygyny aýdýarlar.

Aziýanyň ösüş bankynyň 2019-njy ýyl üçin yklymyň ösüş çaklamalary boýunça çap eden soňky hasabatynda türkmen ykdysadyýetiniň kynçylykly şertleri ykrar edilýär. Şeýle-de, hasabatda hökümetiň amala aşyrýan ýeňillik reformalaryny, olaryň sosial täsirini hasaba goşup, durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG