Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy içerki zähmet migrantlaryny saklaýar; zibil dörýän adamlar has köp göze ilýär


Aşgabatda polisiýa tarapyndan saklanan raýat. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda polisiýa tarapyndan saklanan raýat. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň polisiýasy ýurduň dürli welaýatlaryndan paýtagta işlemäge gelen içerki zähmet migrantlaryny saklap, hiç hili düşündiriş bermezden, olary şäheriň polisiýa departamentine alyp gidýär.

Bu çäre paýtagtyň käbir etrapçalarynda zir-zibilleri dörýän adamlaryň has köp göze ilýän mahalynda amala aşyrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki biri-birinden garaşsyz çeşmeleri we habarçylary habar berýärler.

“Polisiýa ýurduň dürli welaýatlaryndan paýtagta işlemäge gelen içerki migrantlary, aýratyn-da, aýal-gyzlary saklap, hiç hili düşündiriş bermezden, olary polisiýa departamentine alyp gidýär. Polisiýa olary gan barlagyndan geçirýär. Gan barlaglary “arassa” çykan aýal-gyzlary öz welaýatlaryna iberýärler. Ýöne olar gan barlaglarynyň netijeleri anyklanýança, ortaça 3 gün polisiýa departamentinde gözegçilikde saklanýar” diýip, anonim şertde maglumat beren çeşmämiz 27-nji maýda gürrüň berdi.

Çeşmämiz bu ýagdaýy başdan geçiren türkmenistanlylaryň ençemesine salgylanyp, gan barlaglarynyň netijelerinde haýsydyr bir wirusyň bardygy anyklansa, onda aýal-gyzlaryň Bedewdäki we erkekleriň Tejendäki ýörite merkezlere iberilýändigini hem aýtdy. Ýöne bu merkezleriň takyk atlary barada özünde häzirlikçe maglumatyň ýokdugyny belledi.

“Bu merkezlerdäki adamlaryň sanynyň azyndan 70-e barabardygyny aýdýarlar. Bu ýerdäki şertleriň ýaramazdygyny, näsaglary gowy naharlamaýandyklaryny gürrüň beýärler. Bu ýerde bejergi alan adamlar näsaglara diňe suwuk, tagamsyz bir naharyň berilýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, olaryň maşgalalaryny hem gözegçilikde saklaýarlar” diýip, çeşmämiz bu çäräniň soňky birnäçe aýyň dowamynda amal edilýändigini, ýöne munuň sebäpleriniň düşündirilmeýändigini aýtdy.

Aşgabatda zir-zibil gutularyny dörýän ýaşaýjy. 28-nji maý, 2019 ý.
Aşgabatda zir-zibil gutularyny dörýän ýaşaýjy. 28-nji maý, 2019 ý.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Derman senagaty we saglygy saklaýyş ministrliginden hem-de Içeri işler ministrliginden kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Bu çäräniň fonunda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri soňky hepdelerde etrapçalardaky zir-zibil zyňylýan gutulary dörýän adamlaryň has köp göze ilip başlandygyny habar berýär.

“Parahat etrapçasyndaky köp gatly jaýlaryň aralarynda ýerleşýän zir-zibil konteýnerlerini dörýän adamlar plastiki gutulary, gaplary, köne zatlary, egin-eşikleri we köwüşleri ýygnaýarlar. Zir-zibilleri dörýän adamlaryň aglabasyny ýurduň dürli regionlaryndan gelen adamlar emele getirýär. Ýöne olaryň arasynda şäheriň çetki etrapdyr obalaryndan gelen ýaşaýjylar hem bar” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy 28-nji maýda gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçy soňky aýlarda eklenç gözleginde ýurduň welaýatlaryndan Aşgabada gelýän raýatlary has köp görse bolýandygyny aýdýar. Şeýle-de, ol olaryň paýtagtdaky dogan-garyndaşlarynyň öýünde ýa-da şäheriň çetki etrapçalarynda ýaşaýandygyny hem belledi.

Soňky iki ýyla golaý wagt bäri Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, ýurduň bankomatlarynda nagt puluň ýetmezçiligi, azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy, döwletiň ýeňillikli bahasyndan satylýan harytlary satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary yzygiderli habar berip gelýärler.

Mundanam başga, mätäç adamlaryň, aýallaryň, garrylaryň we çagalaryň öýme-öý aýlanyp, dilegçilik etmeginiň barha kän göze ilýändigini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň we synçylaryň ençemesi gürrüň berýärler.

Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik ministrliginiň ýanyndaky Aşgabat şäheri boýunça zähmet biržasynyň işgärleriniň işe ýerleşmekde ýardam sorap barýan raýatlary hasaba almakdan ýüz öwürýändigi barada-da habarlar bar.

Munuň bilen bir wagtda, türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ilata elektrik energiýasyny, suwy we gazy mugt bermek barada çärýek asyrlap dowam eden ýeňillikleri hem ýatyrdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylar ykdysady kynçylyklar we işsizlik bilen baglylykda, türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde ýurduň paýtagtyna ýa-da daşary ýurtlara sapar edýändigini aýdýarlar.

Türkmen hökümeti şu ýylyň ilkinji dört aýynda ykdysady ösüşiň gazanylandygyny yglan etse-de, ykdysady kynçylyklar, ýurduň ilatynyň içerki we daşarky migrasiýa mejbur bolmagy barada hiç zat agzaman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG