Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow iki palataly parlament ulgamyna geçmegi teklip edýär, synçylar muny “nobatdaky gözboýagçylyk” atlandyrýar


Türkmenistanyň Mejlisiniň binasy

25-nji sentýabrda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Halk Maslahatynyň Ikinji mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň kanunçykaryjylyk ulgamynda iki palataly sistema geçmegi teklip etdi.

Täze teklibe görä, iki palataly kanun çykaryjy ulgamyň binýadynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini ýerine ýetirýän edaralara öwrülýär.

“Dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys” diýip, prezident Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde sözlän sözünde aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, iki palataly ulgama geçilmegi jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik edilmegine, deputatlaryň halka ýakynlaşmagyna hem-de kanunlara gözegçiligiň güýçlendirilmegine ýardam berer.

Teklip edilýän bu üýtgetmeler bilen baglylykda, 25-nji sentýabrda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek goşmaçalary işläp düzjek konstitusion topary döretmek barada permana gol çekdi.

Döwlet baştutany konstitusion toparyň iki palataly sistema bilen bagly tekliplerine Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylda geçiriljek nobatdaky mejlisinde seredilmegini teklip etdi.

Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow 26-njy sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde, ýurduň kanun çykaryjy ulgamyna degişli täze üýtgetmeleriň türkmen režiminiň halkara jemgyýetçilige hödürleýän “nobatdaky gözboýagçylygyndan” ybaratdygyny aýtdy.

“Goşa münberli parlament, ýa-da goşa düzümden ybarat parlament bu ýurduň içi üçin gerek zat däl, bu dörediljek zat diňe daşarky syýasat üçin gerek. Sebäbi, ýurduň daşynda, demokratiki döwletlerde, Ýewropa döwletlerinde hiç kim Türkmenistanyň parlamentine ynananok, sebäbi, Türkmenistanyň parlamenti Berdimuhamedowyň 12 ýyl häkimlik eden döwründe nämä ukyplydygyny, ýa-da nä derejede ukypsyzdygyny göni açyk görkezdi. Şonuň üçin şu meselede Parlamentiň jogapkärçiliginiň bir bölegi Halk Maslahatynyň üstüne atylýar. Şol bir wagtyň özünde, parlamentiň hukuklarynyň belli bir agramly bölegi Halk Maslahatynyň agzalarynyň eline geçýär. Diýmek, şu meselede Berdimuhamedow daşary döwletleri öz islegine görä manipulýasiýa, ýagny gözboýagçylyk edip öz peýdasyna ulanyp biljek” diýip, türkmen parlamentiniň öňki deputaty aýtdy.

Ol Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky taryhyna ser salyp, şeýle tejribäniň netijesizliginiň mundan ozal subut edilendigini aýtdy.

“Geçmiş taryhymyza seretsek, Nyýazowyň döwründe-de Türkmenistanyň parlamentiniň tas ähli hak-hukugy elinden alnyp, Halk Maslahatyna berlipdi. Sebäbi, Halk Maslahaty diýlen zat halkyň saýlan maslahaty däl-de, ony prezidentiň belleýän adamlaryndan ybarat adamlaryň bir üýşmeleňi diýip aýtsak, biz ýalňyşmarys. Şonuň üçin, häzirki teklip edilýän halk maslahaty hem Berdimuhamedowyň görkezen adamlary” diýip, öňki deputat aýtdy.

Ol 2002-nji ýylda Nyýazowyň janyna kast edildi diýilýän wakanyň yzýany Halk Maslahatynyň agzalarynyň agzalýan wakalara gatnaşdy diýilýän adamlara “atuw jezasyny bermeli, daşlap öldürmeli” diýen ýaly teklipleri bilen ýatda galandygyny aýtdy:

“Şonuň üçin, häzirki ýagdaýda şol Halk Maslahatyna geljek adamlaryň şolar ýaly teklip etmekleri üçin, ýa-da diktaturany goldamaklary üçin girizilýän düzgün diýip aýtsak, biz hiç ýalňyşmarys” diýip, Söýünow aýtdy.

Bellemeli ýeri, Halk Maslahatynyň soňky mejlisi 2 sagat 20 minut töweregi dowam edip, onuň 2 sagada golaýy prezidenti mahabatlandyrmak, öwmek, oňa şöhrat dilemek hem-de saýlantgylary sylaglamak çärelerine bagyşlandy. Maslahatyň dowamynda prezidenti diňe onuň özi hem-de “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen hormatly ada mynasyp bolan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko öwmedi.

Türkmenistanyň Mejlisi häzirki wagtda ýeke palataly bolup, onuň düzüminde halk tarapyndan saýlanandygy aýdylýan 125 deputat bar. Olaryň 11-si Senagatçylaryň we telekeçileriň partiýasynyň, 11-si Agrar partiýanyň wekili, 48-si garaşsyzlardyr. Mejlisdäki köplük Türkmenistanyň Demokratik partiýasynda bolup, parlamentde oňa wekilçilik edýän 55 deputat bar. Synçylar bu sanlaryň we atlaryň diňe kagyz ýüzündedigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň häzirki kanuny ygtyýarlyklarynyň arasynda prezidentiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary sudunyň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna iň soňky sapar 2016-njy ýylyň sentýabrynda üýtgetmeler girizildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG