Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk maslahatynda Halk maslahaty bilen Mejlisi birleşdirmek, iki palataly parlament döretmek teklip edildi


Halk maslahatyna gatnaşyjylar
Halk maslahatyna gatnaşyjylar

Aşgabatda şu gün, 25-nji sentýabrda Halk maslahatynyň ikinji mejlisi geçirildi, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, maliýe-ykdysadyýet ulgamynda geçirilýän özgertmeler, bazar gatnaşyklaryna geçmekde öňde duran wezipeler hakynda söz sözledi diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Halk maslahatynyň iň esasy täzeligi häzirlikçe Halk maslahaty bilen Mejlisiň birleşdirilip, iki palataly parlamente, wekilçilikli we kanun çykaryjy gurama öwrülmegi, Konstitusiýa ýene-de düzediş we goşmaça girizilmegi baradaky teklip bolup görünýär.

Bu teklip prezident Berdimuhamedow tarapyndan edildi. Onuň dolandyryşy astynda Konstitusiýa ozalam üç gezek täzeden rejelendi.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, "iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer".

Şeýle-de Berdimuhamedow bu çäre "kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer" öýdýär.

Prezident “Türkmenistanda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny we şeýle bolup hem galjakdygyny” aýtdy diýip, türkmen mediasy bu syýasatyň amala aşyrylmagyny ýylda aýlyk haklarynyň 10% ýokarlandyrylmagy bilen delillendirmäge çalyşdy, durmuşyň näçe esse gymmatlandygyny aýtmady.

Mundan başga, Berdimuhamedow “biziň ykdysady ösüşimiziň esasy guraly bolup inwestisiýa hyzmat eder diýdi”, emma ýurda häzirki düşen ýagdaýynda inädip nwestisiýa çekip boljagyny anyklaşdyrmady.


Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, ýurtda regionlaryň ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilen, döwlet syýasatynyň esasy ugry adam hakyndaky alada boldy we ýene şeýle bomagynda galýar.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary merkezini döretmegi teklip etdi, ýangyç-energiýa toplumyna sanlar tehnoligiýasyny ornaşdyrmagyň wajyplygyny nygtady, agrosenagat toplumyny özgertmek we tebigatdan peýdalanmak işlerinde aktiwlige çagyrdy, nebit-gaz pudagyna sanly tehnoligiýanyň ornaşdyrylmagy, pudagyň diwersifikasiýa edilmegi barada durup geçdi diýip, TDH habar berýär.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary Türkmenistandaky “adam hakyndaky aladanyň diňe kagyz ýüzünde galýandygyny”, regionlarda ýaşaýyş-durmuş, iş we gazanç şertleriniň merkezdäkiden has ýaramazdygyny, şu sebäpden ýaşaýjylaryň barha kän daşary ýurtlara çykmaga çalyşýandygyny öňe sürýärler.

Türkmen TW-siniň "göni efirde" alyp barýan gepleşiklerinde söhbetdeş bolýan adamlary, şol sanda gepleşikleri alyp baryjylar esasan ýurtda edilendigi aýdylýan uly işleri, döwlet baştutanynyň gazanan üstünliklerini nygtap görkezmäge çalyşdylar, problemalary agzamadylar.

Azatlyk radiosynyň habarçysynyň bir aý gowrak öň beren maglumatyna görä, Halk maslahatyna taýýarlyk iki aý gowrak öňünden başlandy.

“Häzir welaýatlarda Halk Maslahatyna bir aý bäri taýýarlykgörýärler, oňa gatnaşjak raýatlara, ýörite gulluklaryň berk gözegçiliginde, geplejek sözleri öwredilýär” diýip, Azatlygyň habarçysy 28-nji awgustda anonimlik şertinde gürleşen halk wekiline salgylanyp habar berdi.

Şeýle-de ol maslahata gatnaşýan hal wekilleriniň mediada çykyş edip, öz pikirini aýdyp bilmeýändigini sözüne goşdy.

Halk maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen birinji mejlisinde hem bazar gatnaşyklary barada gürrüň edilip, ilata garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri berilýän ýeňillikleri 2019-njy ýylyň başyndan ýatyrmak kararyna gelindi.

Şonda ýurduň raýatlarynyň häzir 1990-njy ýyllaryň başyndakydan has gowy ýaşaýandygy, olaryň “elleriniň uzadan ýerine ýetýändigi” öňe sürüldi.


Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň köpüsi “S.Nyýazowyň öz bikanun işlerini kanunlaşdyrmak üçin ulanan Halk maslahatynyň” dikeldilmegini ýurtdaky ykdysady krizis bilen baglanyşdyrýarlar.

Prezident Berdimuhamedow 2008-nji ýylda ýatyran Halk maslahatyny 2017-nji ýylyň oktýabrynda gaýtadan dikeltdi we 2018-nji ýylda, Halk maslahatynyň ilkinji mejlisiinde ilata berilýän sosial ýeňillikleriň ýatyrylýandygyny yglan etdi.

Bu maslahat, ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan başga, G.Berdimuhamedowyň täze “oba hojalyk teklipleri”, ýagny häkimiýet başyna gelende yglan eden oba syýasatynyň netijesiz bolandygyny gytaklaýyn boýun almagy bilen hem taryha girdi.

Türkmen mediasy garaşsyzlygyň başky ýyllarynda S.Nyýazowyň “täze oba syýasaty” diýilýäni öwüp, daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigini aýdan bolsa, soňra Berdimuhamedowyň öňe süren “oba hojalyk syýasatyny” öwdi.

Emma Berdimuhamedowyň soňky eden tekliplerinde, döwletiň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak, kärendeçilere döwlet tabşyrygyndan başga ekinleri hem ekmäge rugsat bermek, hatda ýeri uzak möhletli hususy eýeçilige bermek ýaly teklipler hem öňe sürüldi.

Ýöne ýeriň, tehnika almak üçin ýeňillikli karzlaryň, döküniň kimlere berilýändigi aýdyň bolman galdy we şu aralykda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň oba hojalygyndaky dolandyryşy hem öz eline geçirýändigi hakynda aladalar eşidildi.


Şu aralykda, pagta ýygymynyň başky aýlaryndan başlap adamlardan pul ýygnalmagy, býujet işgärleriniň hatda gowaça çürtmäge hem çykarylmagy, mejbury zähmetiň has güýçlenmegi, üstesine, bugdaý hasyly ýygnalandan soňam un gytçylygynyň dowam etmegi, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Berdimuhamedowyň ikinji oba hojalyk syýasatynyň hem netije bermeýändigini görkezýär.

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, Türkmenistandaky oba hojalyk problemalary diňe daýhanlaryň erksizligi bilen däl, eýsem suw desgalarynyň tas otuz ýyl bäri eýeçiliksiz saklanmagy bilen hem bagly. Bu ýagdaý suwuň sowet ýyllaryndan hem köp ýitirilmegine, ýerleriň has şorladylmagyna, ekologiýa problemalarynyň çuňlaşmagyna alyp gelýär diýip, ozalky suw hünärmeni Nurmuhammet Hanamow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň pikiriçe, manysyz gurluşyklara derek, gyssagly ýagdaýda, ýurduň suw desgalaryny dikeltmek üçin serişde tapmaly.

Şu aralykda, Halk maslahatyna iki gün galanda, sebäbini anyk aýtmazdan, prezident Berdimuhamedow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyny wezipesinden wagtlaýyn boşatdy.

Halk maslaharynyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanda doglan rus kosmonawty Oleg Konenenko Türkmenistanyň Gahrymany diýen at bilen sylaglandy; Türkmenistanyň ýigrimi raýatyna, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa "Hormatly il ýaşulysy" diýen dereje berildi; alty raýat "Zenan kalby" ordeni bilen sylaglandy.

Halk maslahatynyň üçünji mejlisi hem Aşgabatda geçiriler.

XS
SM
MD
LG