Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uzak möhletli esasda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenler Aşgabatdan goýberilmeýärmi? Näme üçin?


Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany uzak möhletli wiza esasynda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenistanly migrantlarynyň wagtlaýyn Türkmenistana dolananlarynda olaryň  türkmen häkimiýetleri tarapyndan daşary ýurtlara çykarylmazlygy bilen bagly meselelere gönükdirilýär.

Demirgazyk Kiprde zähmet wizasy esasynda ýaşaýan türkmenistanly zähmet migrantlary dokument meseleleri bilen baglylykda, ýa-da başga sebäpler bilen Türkmenistana wagtlaýyn dolananlaryndan soň, ýurtdan yzlaryna goýberilmeýändiklerini aýdýarlar.

16-njy sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan türkmenistanly zähmet migranty erkek adam efirde atlandyrylmazlyk şerti bilen beren gürrüňinde wagty dolan biometriki pasportlaryny täzelemek üçin wagtlaýyn Türkmenistana dolanan aýalyna we çagalaryna häzirki wagtda ýurtdan goýberilmezlik howpunyň abanýandygyny, özleri ýaly ýaly başga-da köp sanly zähmet migrantynyň Türkmenistandan Demirgazyk Kipre goýberilmändigini gürrüň berdi.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany zähmet wizasy esasynda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenistanly migrantlarynyň wagtlaýyn Türkmenistana dolananlarynda olaryň türkmen häkimiýetleri tarapyndan daşary ýurtlara çykarylmazlygy bilen bagly meselelere gönükdirilýär.

Gepleşigiň dowamynda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk we seslendirilmezlik şertilerinde çykyş eden demirgazyk kiprli türkmen zähmet migrantynyň beren gürrüňlerini, şeýle-de Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň media we metbugat serişdelerinde bu mesele dogrusynda çykýan habarlaryň mazmunyny hem-de demirgazyk kiprli ýokary derejeli ýerli resmileriň agzalýan problema bilen bagly reaksiýalaryny eşitdirýäris.

Uzak möhletli esasda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenler Aşgabatdan goýberilmeýärmi? Näme üçin?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00


Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG