Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kalmyklar Ukrainadaky separatistleriň ozalky lideriniň häkimiň wezipesini ýetiriji hökmünde bellenmegine protest geçirdiler


Ukrainanyň gündogaryndaky Kreml tarapyndan goldanylýan separatistleriň ozalky lideri Dmitriý Trapeznikow

Russiýanyň günorta-günbataryndaky Kolmykiýa regionynyň paýtagty Elistada ýüzlerçe adam şäheriň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde Ukrainanyň gündogaryndaky Kreml tarapyndan goldanylýan separatistleriň ozalky lideriniň bellenmegine garşy ýöriş geçirdiler.

29-njy sentýabrda şäher geňeşiniň başlygy Nikolaý Orzaýew protestçileriň öňüne çykyp, Dmitriý Trapeznikowyň bu wezipä bellenmegini goldajak boldy. Emma, protestçileriň gaharly çykyşlaryndan soň, ol sebiti terk etmäge mejbur boldy.

Protestçiler Trapeznikowyň bu wezipeden 1-nji oktýabra çenli aýrylmagyny talap etdiler. Talaplary berjaý edilmese, olar şäher administrasiýasynyň öňünde piket geçirjekdiklerini duýdurdylar.

Elistanyň şäher geňeşi 26-njy sentýabrda Trapeznikowy häkimiň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesine bellemek barada ses beripdi.

Trapeznikow özüniň dogduk sebitindäki, ýagny Ukrainanyň Donetsk regionyndaky Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň lideri bolmakda tanalýar.

Russiýa 2014-nji ýyldan bäri Ukrainanyň Donetsk we Luhansk regionlaryndaky separatistleri goldaýandygyny ret edip gelýär.

2018-nji ýylda Donetskdäki separatistleriň şol wagtky lideri Aleksandr Zaharçenkonyň janyna kast edilenden soňra, Trapeznikow gysga möhletlik ykrar edilmedik Donetsk Halk Respublikasynyň wagtlaýyn lideri bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG