Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň býujet işgärleri çärelerde paýyş sözleri eşitmäge mejbur bolýarlar: ‘Kirli lybasyňyzy düzetmän...’


Türkmenabadyň "Zähmet" stadionynda köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine gatnaşdyrylýan býujet işgärleri we studentler. Arhiwden alnan surat
Türkmenabadyň "Zähmet" stadionynda köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine gatnaşdyrylýan býujet işgärleri we studentler. Arhiwden alnan surat

Lebabyň býujet işgärleri, hususan-da, aýal-gyzlary welaýatyň çäklerinde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde kemsitmelere sezewar edilip, paýyş sözleri eşitmäge mejbur bolýarlar. Bu barada lebaply býujet işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri aýdýar.

“Lebapda geçirilýän köpçülikleýin çärelere gatnaşýan aýal-gyzlaryň mertebeleri depelenýär. Sebäbi çärelere ýolbaşçylyk edýän resmiler, häkimligiň işgärleri aýal-gyzlaryň egin-eşiginiň hapadygyny ýa-da özleriniň kesgitlän düzgün-kadalaryna gabat gelmeýändigini aýdyp, olara paýyş sözleri aýdýarlar. Bu sözleri eşitmek, çydamak üçin galyň ýüz gerek” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 30-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Habarçy Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar we işsizlik bilen baglylykda, aýal-gyzlaryň aglabasynyň bu paýyş sözleri götermäne mejbur bolýandygyny, ýöne käbirleriniň muňa çydaman, işinden çekilýändigini hem belledi.

Ol şuňa meňzeş ýagdaýyň sentýabr aýynyň başynda Lebapda geçirilen “Ak kerwen” dabaralaryna görülýän taýýarlyk çäreleriniň dowamynda bolandygyny aýdyp, bir wakany gürrüň berdi.

“Lebapda ‘Ak kerwen’ dabaralaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde welaýat häkiminiň medeniýet boýunça orunbasary çärä gatnaşan aýal-gyzlaryň ençemesiniň lybaslarynda kemçilik tapypdyr. Şonda olar gelin-gyzlara ‘kirli lybasyňyzy düzetmän, j......r, k......r’ diýen ýaly başga-da ençeme paýyş, kemsidiji sözleri aýdypdyr. Şondan soňra Çärjew etrabynyň medeniýet bölüminde işleýän bir zenan bu sözlere çydaman, ‘Ak kerwen’ dabarasyna sanlyja gün galanda arzasyny ýazypdyr we işden çykypdyr” diýip, habarçy işden çekilen býujet işgäriniň kärdeşleriniň birine salgylanyp gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanda býujet işgärleri ýurduň döwlet telekanallary üçin surata alynýan “Ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çärelerine azyndan bir hepdeläp mejbury gatnaşdyrylýar. Bu çäre pagta ýygymyna resmi taýdan girişilende geçirilip, bu döwlet eýeçiligindäki telekanallarda döwlet durmuşynda möhüm waka hökmünde görkezilýär.

Azatlyk Radiosyna köpçülikleýin taýýarlyk çärelerinde býujet işgärleriniň, hususan-da, aýal-gyzlaryň paýyş sözler bilen kemsidilmegi bilen bagly ýagdaýlar barada Lebap welaýat häkimliginden we Çärjew etrap häkimliginden maglumat almak häzirlikçe başartmady.

"Marşirowkalar" başlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:57 0:00

Ýöne Azatlyk Radiosy Türkmenistanda geçirilýän köpçülikleýin taýýarlyk çärelerinde býujet işgärleriniň “mal ýaly sürülenşip durmaň” diýen ýaly kemsidiji sözleri eşitmäge mejbur bolýandygy barada mundan ozalky ýyllarda hem ençeme gezek habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň iberen wideo ýazgysynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyklarda guramaçylaryň býujet işgärlerine paýyş, kemsidiji sözler bilen ýüzlenýändigini görse hem-de eşitse bolýardy.

Mundanam başga, Türkmenistanda býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar we lukmanlar mejbury arassaçylyk işlerine çekilip, köçeleri syryp-süpürmäge, haşal otlary çapmaga mejbur bolýarlar. Munuň üçin olara goşmaça zähmet haky tölenmeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan mugallymlar häkimiýetleriň talaplaryna boýun bolmakdan başga alaçlarynyň ýokdugyny, bolmasa iş ýerlerini ýitirmek howpunyň bardygyny gürrüň berdiler.

“Bize dowamly köçe süpürdip, ot çapdyrdyp mugallymçylyk mertebämizi depeleýärler. Häkimiýetler bizi asla äsgermeýärler. Indi bizi öz okuwçylarymyz hem sylamaýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde-de nirä diýilse, eliňe sübsäňi alyp gidäýmeli” diýip, Daşogzuň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 12-nji mekdebiň mugallymlarynyň biri geçen ýylyň awgustynda gürrüň beripdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri köpçülikleýin taýýarlyk we arassaçylyk çäreleri ýa-da olaryň guramaçylygyna jogapkär resmileriň býujet işgärlerine, şeýle-de studentlere paýyş sözler bilen ýüzlenmegi barada hiç zat aýtmaýarlar. Muňa derek, döwlet telewideniýesinde ýurtda bellenilýän baýramçylyklara raýatlaryň “uly şatlyk-şowhun we ruhubelentlik” bilen gatnaşandygy barada reportažlar görkezilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG