Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmen häkimiýetleri mugallymçylyk mertebämizi depeleýärler”


Arassaçylyk işlerine çekilen mugallymlar. Arhiw suraty

Daşoguzda eýýäm bir hepde töweregi wagt bäri mekdep mugallymlary mejbury arassaçylyk işlerine çekilýärler.

Ýurduň demirgazyk welaýatynda geçen anna gününden bäri mugallymlar jokrama yssyda welaýatyň merkezi Daşoguz şäheriniň ýollaryny syryp-süpürip, haşal otlary çapýarlar. Şeýle-de, olar Saparmyrat Niýazow etrabyndaky türkmen-özbek serhet geçelge ýolunyň ugruny arassalamaga-da mejbur edilýärler.

Mundanam başga, iki hepde töweregi wagt bäri mugallymlara Daşoguz şäheriniň esasy demir ýolunyň üstünden gurlan uly köpriden oýulyp, demirýol liniýalarynyň üstüne gaçan daş beton böleklerini, asfalty daşadýarlar.

Ýeri gelende bellesek, mugallymlaryň köçe arassalaýyş işlerine çekilmegi üçin olara goşmaça hak tölenmeýär. Üstesine-de, mugallymlara köçede işläp ýören wagtynda dynç almaga ýa-da tebigy hajatlaryny berjaý etmäge mümkinçilik berilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan mugallymlar häkimiýetleriň talaplaryna boýun bolmakdan başga alaçlarynyň ýokdugyny, bolmasa iş ýerlerini ýitirmek howpunyň bardygyny gürrüň berdiler.

“Bize dowamly köçe süpürdip, ot çapdyrdyp mugallymçylyk mertebämizi depeleýärler. Häkimiýetler bizi asla äsgermeýärler. Indi bizi öz okuwçylarymyz hem sylamaýar. Tomusky dynç alyş mömsüminde-de nirä diýilse, eliňe sübsäňi alyp gidäýmeli” diýip, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 12-nji mekdebiň mugallymlarynyň biri zeýrendi.

Galyberse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlary ýurduň beýleki künjeklerinde, şol sanda paýtagtda hem synlasa bolýar. Iki hepde töweregi mundan ozal, Aşgabatda 45 günlük tomusky dynç alyş rugsadyndan dolanyp işe çykan mugallymlaryň ählisi mekdebiň golaýyndaky köçeleri süpürmek, baglaryň otuny çapmak işlerine çekildiler.

Şeýle-de, Türkmenistanda mekdep mugallymlary döwlet baýramçylyklar we syýasy wakalar bilen bagly häkimiýetleriň guramaçylygyndaky çärelere köpçülikleýin gatnaşmaga mejbur edilýär. Oba ýerlerinde mekdep mugallymlary beýleki döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri bilen deň derejede oba hojalyk işlerine çekilýär, şol sanda pagta ýygýarlar we pile önümçiligine gatnaşdyrylýarlar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaňy-ýakynda çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistan mejbury iş güýjüni ulanmakda dünýä derejesinde iň erbet ýagdaýly ýurtlaryň hatarynda agzaldy.

Şol bir wagtda, ýurduň özünde mugallymlaryň esasy wezipe borçlaryndan başga işlere çekilýändigi barada hiç zat aýdylmaýar, muňa derek döwlet mediasynda mugallymlaryň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy “ajaýyp zamanyny peşgeş berendigi üçin” alkyşlaýan reportažlar görkezilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG