Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Demirgazyk Kipre barýan doganymy ýurtdan çykarmak üçin araçylara $2750 para berdik’


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda iş ýa-da okuw maksady bilen Demirgazyk Kipre barýan raýatlaryň hereketiniň çäklendirilmegi bilen bagly habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.

1-nji oktýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habarlaşan bir türkmenistanly Demirgazyk Kiprde ýokary bilim alýan gyz doganyny Aşgabatdan çykarmak üçin golaýda özleriniň türkmen häkimiýetlerine müňlerçe dollar para bermäge mejbur bolandyklaryny aýdýar.

Ol mundan ozal 19-njy awgustda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, tomusky dynç alyş üçin Demirgazyk Kiprden Türkmenistana baran student gyz doganynyň Aşgabadyň aeroportundan yzyna goýberilmeýändigini habar beripdi.

Atlandyrylmazlyk şertinde çykyş eden raýat 1-nji oktýabrda iberen maglumatynda şeýle diýýär:

“Kiprde bilim alýan gyz doganymyň ýurtdan goýberilmeýändigi barada mundan ozal size habar beripdim. Onuň okuwy tamamlamagyna 1 ýyl galypdy. Şonda biz raýatlaryň ýurtdan diňe Kipriň demirgazyk bölegine goýberilmeýändigini pikir edipdik, ýöne häzirki wagtda başga ýurtlarda bilim alýan köp sanly studentiň hem Türkmenistandan goýberilmeýändigini görýäris. Ýöne bilişiňiz ýaly, pul hemme zady çözýär” diýip, türkmenistanly gürrüň berýär.

Ol awgust aýynda gyz doganynyň ýurtdan çykmagy üçin eden netijesiz synanyşyklaryndan soň, Aşgabatda häkimiýetlere araçylaryň üsti bilen para bermäge mejbur bolandyklaryny gürrüň berýär:

“Biz gyz doganymyzy ýurtdan çykarmak üçin ähli ýollary synap, bir araçy aýal tapdyk. Ol 5500 dollar sorady. Näme üçin beýle gymmat diýip, soranymyzda ol meniň gyz doganymyň ýurtdan çykmagyna resmi gadagançylygyň girizilendigini aýtdy” diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

“Biz gaty alada etdik. Gyz doganym hiç hili kanuny bozmady, Kiprde kanuny esasda ýaşady, wizasy bilen bagly hem problema ýokdy. Olar bolsa bize oňa resmi gadagançylygyň girizilendigini aýtdy. Soňra biz başga bir araçy tapdyk. Ol 2750 dollar sorady, hem-de gyz doganymyň ýurtdan çykmagyna hiç hili resmi gadagançylygyň girizilmändigini aýtdy” diýip, türkmenistanly gürrüň berýärler.

Ol häkimiýetleriň raýatlary para bermäge, jenaýata baş goşmaga iterýändigini aýdýar:

“Ýöne biziň başga alajymyz ýokdy. Şol sebäpden biz para bermeli bolduk. Ol uçdy. Hemme zat gül ýaly!” diýip, gürrüňdeşimizi aýdýar.

Gelip gowuşýan maglumatlara görä, türkmen häkimiýetleri iýulyň ortalaryndan bäri raýatlaryň hususan-da Demirgazyk Kipre gitmeklerini çäklendirip gelýär.

19-njy awgustda Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde habarlaşan türkmenistanly student türkmen häkimiýetleriniň Kipriň demirgazyk böleginde okaýan ýa-da işleýän türkmenistanlylaryň ýurtdan çykmagyna rugsat bermeýändigini tassyklap maglumat beripdi. Türkmenistanly talyp Demirgazyk Kiprde öz işçileri Türkmenistanda galan iş berijileriň bu meselä çözgüt gözläp, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyna netijesiz ýüz tutýandyklaryny gürrüň berdi.

16-njy sentýabrdan Azatlyk Radiosy bilen Nikosiýadan habarlaşan beýleki bir türkmenistanly zähmet migranty bu maglumatlary tassyklap, iş berijileriň Ankaradaky türkmen ilçihanasyndan gözleýän çözgütleriniň netije bermeýändigini, Aşgabatda Demirgazyk Kipre barýan raýatlaryň ýollarynyň baglanýandygyny gürrüň berdi.

15-nji sentýabrda Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň daşary işler ministri Kudret Özersaý bu mesele boýunça özüniň sosial media hasabyndan beýanat ýaýratdy.

Ol özüniň Facebook sahypasynda ýaýradan beýanatynda bu meseläni özleriniň türkmen resmileri bilen geçirjek duşuşyklarynda gozgajakdygyny aýtdy.

Ol 28-nji sentýabrda paýlaşan täze postunda Nýu-Ýorkda geçirilen resmi duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary bilen duşuşyp, agzalýan meseläni gozgandygyny habar berdi.

Metbugat habarlaryndan mälim bolşunda görä, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, şol sanda işsizlik, gymmatçylyk we beýlekiler raýatlaryň gazanç gözleginde barha daşary ýurtlara köp gitmeklerine getirýär.

Türkmen resmileri bu maglumatlary ne tassyklap ne-de inkär edip çykyş edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG