Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda häkimiýetler öz raýatlarynyň Demirgazyk Kipre gitmegini çäklendirýär


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Halkara aeroportynda garaşýan ýolagçylar
Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Halkara aeroportynda garaşýan ýolagçylar

Zähmet wizasy esasynda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan käbir türkmenistanlylar özlerine we maşgala agzalaryna Türkmenistanda hereketleriniň çäklendirilmek howpunyň abanýandygyny, türkmen häkimiýetleriniň Demirgazyk Kipre barýan raýatlary Türkmenistandan çykarmaýandygyny aýdýarlar.

16-njy sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen Demirgazyk Kiprden habarlaşan bir türkmenistanly zähmet migranty howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde bu ýagdaýlar boýunça maglumat berdi.

Özüniň 15 ýyla golaý wagt bäri kanuny esasda Demirgazyk Kiprde ýaşaýandygyny we işleýändigini aýdan türkmenistanly erkek adamyň sözlerine görä, onuň aýaly we iki çagasy möhleti dolan türkmen “biometriki” pasportlaryny täzeletmek üçin iýunyň aýagynda Türkmenistana gidýär; häzirki wagtda olara ýurtdan çykarylmazlyk howpy abanýar.

“28-nji iýunda men wagty dolan pasportlaryny täzelemekleri üçin maşgalamy [Demirgazyk Kiprden] Türkmenistana ugratdym. ‘Aradan 15 gün geçenden soň, özüm hem bararyn’ diýdim. Aradan 20 gün töweregi wagt geçenden soň, Türkmenistana gitmek üçin Stambulyň aeroportyna baranymda, maňa Türkmenistandaky maşgalamdan jaň geldi: ‘Gelme, bärde ýagdaýlar üýtgeýär’ diýdiler” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

“Üýtgeýän ýagdaýlary” has aýdyňlaşdyryp gürrüňe dowam eden türkmenistanly zähmet migranty Türkmenistanda maşgalasyna pasportynda Demirgazyk Kipriň wizasy bolan türkmenistanlylaryň ýurtdan çykarylmaýandygynyň aýdylandygyny gürrüň berdi.

Ol 15 ýyl bäri zähmet wizasy esasynda Demirgazyk Kiprde ýaşap, şol geçen döwrüň dowamynda azyndan 5 gezek Türkmenistana hiç hili bökdençsiz girip çykandygyny sözüne goşdy.

Gürrüňdeşimiziň Türkmenistandaky kontaktlaryndan alan soňky maglumatlaryna görä, pasportynda Demirgazyk Kipriň zähmet wizasy bolup, Türkmenistandan Özbegistana, Russiýa ýa-da beýleki ýurtlara çykmak isleýän türkmenistanlylaryň-da ýurtdan çykmagyna rugsat berilmeýär.

15-nji sentýabrda Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň daşary işler ministri Kudret Özersaý bu mesele boýunça özüniň sosial media hasabyndan beýanat ýaýratdy:

Ministr özüniň Facebook sahypasyndan ýaýradan beýanatynda şeýle diýdi:

“Soňky wagtlarda ülkämizde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryny köseýän bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ülkämizde ýaşap ýören wagty dogan-garyndaşlaryny görmek üçin Türkmenistana gidýän köp sanly türkmenistanly öz ýurdundan çykyp bilmeýär, öz ýurdundan çykmaklaryna rugsat berilmeýär. Bu maşgalalaryň bölünmegi ýaly dürli kynçylyklara sebäp bolýar” diýip, ministr beýanatynda aýtdy.

“Türkmenistanyň dolandyryjylary dürli ýurtlarda, şol sanda Türkiýede işleýän raýatlarynyň syýahatyna we kähalatlarda olaryň pul geçirimlerine kynçylyk döredip biljek tejribeleri durmuşa geçirýärler. Kä goşa raýatlylara, kä ýaş çäklendirmesine girýän erkeklere gönükdirilýän bu syýasat ýurt raýatlarynyň daşary ýurtlara gaçmaklarynyň, ýurduň ilat sanynyň azalmagynyň öňüni almaga gönükdirilýän ýaly bolup görünýär” diýip, ministriň beýanatynda aýdylýar.

“Ýene-de bir hepdeden Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Nýu-Ýorkda geçiriljek ýygnagyna gatnaşanymyzda Türkmenistanyň resmileriniň ünsüni bu meselä çekeris” diýip, Özersaý sosial mediadaky beýanatynda aýtdy.

Türkmenistanda soňky iki ýyldan gowrak bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurt raýatlary gazanç gözleginde daşary ýurtlara, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, hususan-da Türkiýä, Russiýa we beýleki käbir GDA ýurtlaryna çykmaga ýykgyn edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG