Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çagaly enelere berilýän kömek puly çaganyň iň esasy zerurlyklaryna hem 'ýetmeýär'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, döwlet tarapyndan ýaş çagaly enelere berilýän kömek pullarynyň çaganyň esasy zerurulyklaryna hem ýetmeýändigi barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi aýdýar.

“Döwlet tarapyndan 3 ýaşa çenli çagalaryň enelerine her aýda 185 manat möçberinde kömek puly berilýär. Bu maşgalada diňe bir adam işleýän mahalynda, enä o diýen kömek bolmaýar. Sebäbi soňky ýyllarda azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagy netijesinde bu kömek puly çaga iýmiti beýle-de dursun, onuň diňe bir aýlyk arlyk, pampers zerurulyklaryna hem ýetmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 3-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Ene-atalaryň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçy çagalaryň zerur iýmitleriniň we senagat önümleriniň käbirleriniň häzirki bahalary barada hem maglumat berip, şeýle diýdi:

“Häzir Türkmenabat şäherindäki ‘Gök bazarda’ çaga iýmiti bolan 450 gramdan ybarat 1 guty kaşanyň bahasy 215 manada, 1 sapar ulanylýan pampersiň bahasy 15 manada barabar” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy Lebap welaýat hassahanasynyň anonim şertde maglumat beren birnäçe işgärine salgylanyp, häzirki wagt maşgalalaryň güzeran aýlamagynyň kyndygyny we çaga üçin sosial goragyň, ýagny kömek pulunyň hem çagany eklemäge ýeterlik bolmaýandygy sebäpli soňky ýyllarda çaga dogluşynyň pese gaçandygyny hem aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlary Lebap welaýat hassahanasyna resmi derejede tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet statistika gullugyndan hem maglumat alyp bolmady.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakyndaky kanunynyň 85-nji maddasyna laýyklykda, ýurtda çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly çaganyň doglan gününden başlap üç ýaşyna çenli tölenilýär.

Kanunyň 75-nji maddasynda bellenilmegine görä, çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasaplanylmagy we bellenilmegi kesgitlenilen binýatlyk ululykdan göterim möçberinde bellenilýär:

  • 1) birinji we ikinji çaga doglanda - 130 göterime;
  • 2) üçünji çaga doglanda - 250 göterime;
  • 3) dördünji we şondan soňky çagalar doglanda - 500 göterime deň.

2014-nji ýylda güýje giren karara laýyklykda, ýurtda binýatlyk möçberi 100 manat diýlip kesgitlenýär.

Türkmenistan häkimiýetleri zähmet, talyp, pensiýa haklarynyň we kömek pullarynyň ýylda 10% artdyrylýandygyny indi ençeme ýyl bäri tekrarlaýarlar. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi azyk we senagat harytlarynyň hem-de beýleki hyzmatlaryň her ýyl ortaça 30-40% gymmatlaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG