Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 40-njy hepde
1
"Awaza" kenary. Türkmenistanda aýal-gyzlara "bikini-kupalnik" diýilýän suwa düşülýän eşiklerde suwa düşmek gadagan edildi, olar indi suwa köýnekli düşýärler. Sentýabr, 2019.
2
Türkmenistanyň şäherlerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde köp duşýan ýagdaý: turbalardan suw syzýar, ýerzeminlerde hapa suw toplanýar we porsaýar. Ýaşaýajylar "ol ýerde dem alar ýaly" däl diýýärler.
3
Aşgabat. Bankomatdan pul çekýän aýal. Türkmenistanda käte öz puluňy nagtlaşdyrmak hem problema bolýar. Sentýabr, 2019.
4
Aşgabadyň şäher häkimi Şamuhammet Durdylyýew jaýlaryň girelgesinde goýlan sowadyjylary aýyrtmagy buýurdy, ýaşaýjylar olary öň jaýlaryň balkonlaryndan we beýleki görünýän ýerlerinden aýyrmaly bolupdy. Sentýabr, 2019.