Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda öý haýwanlary guduzlaýar, olara garşy waksina tapdyrmaýar, guşlarda näbelli wirus döredi


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Kerkiçi, Amyderýa we Köýtendag etraplarynda öý haýwanlarynyň arasynda guduzlama keseli köp ýüze çykyp başlady. Bu etraplarda guşlar, şol sanda indýuklar, towuklar we gazlar näbelli wiruslardan ejir çekip gyrlyp başlady.

Bu maglumatyň jikme-jikligini ýurt içindäki habarçymyz howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde Lebapdan ýetirýär:

“Şu güýz Kerkiçi, Amyderýa we Köýtendag etraplarynda öý haýwanlarynda guduzlama köpeldi. Bu wirusa garşy sanjymlaryň ýokdugy raýatlary howatyrlandyrýar. Öý haýwanlary diňe bir guduzlamadan däl, hojalyklarda indýuk, towuk we gaz ýaly öý guşlary näbelli wirusdan gyrylýar” diýip, Azatlygyň habarçysy 4-nji oktýabrda habar berdi.

Onuň ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp iberen maglumatlaryna görä, agzalýan etraplarda guduzlan it-pişikleriň adamlary dişlemegi bilen bagly hadysalar köpelýär.

“Köýtendag etrabynda 3 uly adamy we 5 mekdep okuwçysyny guduzlan it dişledi. Olary etrap keselhanasyna ýatyrdylar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, guduzlan adamlary bejermek üçin zerur derman serişdeleri etrap dermanhanalarynda tapdyrmaýar.

“Olaryň hossarlary guduzlama garşy dermanlary welaýat merkezide ýerleşýän dermanhanalardan satyn alýandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy it dişlän adamlaryň hossarlaryna salgylanyp habar berdi.

Köýtendag etrabynyň weterinariýa bölüminiň bir işgäriniň atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna golaýda beren maglumatynda öz bölümleriniň soňky 10 ýyl bäri öý haýwanlaryna garşy hiç bir waksina bilen üpjün edilmändigini aýtdy.

“Soňky 10 ýylda öý haýwanlarynda döreýän hiç bir kesele garşy waksina gelmedi” diýip, ýerli weterinar atlandyrylmazlyk şertinde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, etrabyň weterinariýa bölüminde ýeterlik weterinar lukman bar.

“Weterinar ýeterlik, ýöne waksina ýok” diýip, ýerli weterinar sözüne goşdy.

Habarçy welaýatyň çäginde ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki fermalardaky mallaryň, düýeleriň, goýun-geçileriň derman üpjünçiligi bilen gyzyklandy.

“Häzir döwlete degişli mal, düýe, goýun we geçileriň çopanlaryna-da döwlet tarapyndan derman berilmeýär. Çopanlar öz aýlyklaryndan degişli sanjymlary satyn alyp, döwletiň eýeçilik edýän mallaryna sanjym edýändiklerini aýdýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Mundan ozal, iýun aýynyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy Ahal welaýatynyň ençeme obalarynda iri şahly mallaryň köpçülikleýin keselleýändigini habar beripdi.

“Diňe bir obada eýýäm 100-den gowrak sygyr öldi. Ölen sygyrlaryň maslyklaryny obanyň çetindäki meýdanlara oklaýarlar. Bulary syrtlanlar gelip iýýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 18-nji iýunda gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, ýerli weterinar gulluklary iri şahly mallaryň il arasynda “ganly peşew” diýlip atlandyrylýan “piroplazma” keseline uçrandygy barada diagnoz goýdular.

Geçen ýylyň güýz aýlarynda Balkan welaýatynda düýeleriň arasynda-da näbelli kesel döräp, günbatar Türkmenistanyň ençeme obalarynda düýeler köpçülikleýin gyryldy. Häkimiýetler şonda düýeleriň keselden däl, açlykdan ölýändigini aýdypdylar.

Türkmenistanda 2014-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen Weterinariýa işi hakyndaky kanun esasynda döwlet haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç keselleri we beýlekiler bilen kesellemeginiň ýa-da olaryň adamlar ýokaşmagynyň öňüni almak boýunça iş geçirmek bilen borçlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG