Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda düýelere köpçülikleýin näbelli kesel degdi; düýe etini iýmek we satmak gadagan edildi


Balkanda düýelere köpçülikleýin näbelli kesel degdi. Türkmenistanyň günbatar welaýatynyň resmileri bu keselçilik bilen bagly düýe etini iýmegi we satmagy dilden gadagan etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň bu welaýata sapar eden habarçysy we ýerli çeşmesi habar berýär.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew Balkanyň ýerli ýaşaýjylaryna we weterenar gullugynyň işgärlerine salgylanyp, düýeleriň kesellemegi bilen bagly ýagdaýyň mundan bir hepde çemesi ozal ýurduň Eýran bilen serhetleşýän etrapdyr obalarynda ýüze çykandygyny aýtdy.

“Türkmen-eýran serhedine golaý ýerleşýän Etrek etrabynda meýdanda gezip ýören düýelerinde şol keseliň bardygy anyklanypdyr. Iki-ýeke düýeler ölenden soňra [ýaşaýjylar] weterenar gullugyna ýüz tutupdyrlar. “Düýeler ýerinden galyp bilenok, arasynda öleni hem bar” diýipdirler” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Synçy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Balkan welaýatynyň weterenar gullugynyň işgärleri düýelere "mama keseliniň" ýokuşandygyny, ýöne olara garşy häzirlikçe haýsydyr bir sanjym edilmeýändigini aýtdylar.

Gapysynda düýe saklaýan balkanlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, welaýatyň häkimiýetleri Etrek hem-de Esenguly etrabynyň düýelerini öz territoriýasyndan çykarmaýarlar we “mama keseli” ýokuşandygy güman edilýän düýeleri ýörite demir simler bilen aýlanan meýdanda saklaýarlar.

Synçy Bugýaew bu meýdanda saklanýan düýeleriň sanynyň ortaça 200-e barabardygyny aýdyp, adamlar babatynda hem karantina girizilen obalaryň bardygyny belleýär.

“Meselem, Etrek etrabyna degişli bolan, özem iň uly obalaryň biri “Madow” atly oba myhman barmak hem, şol obadan çykyp, başga ýere gezelenje gitmek hem gadagan. Bu polisiýa işgärleri tarapyndan hem berk gözegçilikde saklanýar” diýip, synçy gürrüň berdi.

Balkanda düýelere kesel degendigini Azatlygyň bu welaýatdaky ýene bir çeşmesi hem habar berdi. Anonim şertde maglumat beren çeşmämiz “Balkan welaýatynyň tas ähli ýerinde diýen ýaly düýelere kesel degendigini we munuň tiden-tiz ýaýraýandygyny” aýtdy.

“Düzdäki, hatda obalardaky düýeleriň ählisi agzyndan köpük gelip gezip ýörler. Ölenleri-de köp, ýanyna baran ýa-da elini degren adamlaryň elinden ýara çykanlary hem bar. Adamlar juda alada edýärler. Hiç kim näme etjegini bilenok. Entek bu barada derman ýa-da öňüni alyş çäresi ýaly hiç zat göze ilenok. Adamlar özleri melhem taýýarlap, öz gününi özleri görjek bolýar” diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Aýdylmagyna görä, häzir Balkanda düýeleriň kesellemegi bilen bagly, welaýatyň tas ähli etrap häkimlikleri we weterenar gullugynyň edaralary ilata düýe etini iýmeli däldigi we süýdüni, çalyny içmeli däldigi barada duýduryş etdiler.

Şeýle-de, etrap we şäher merkezlerindäki bazarlaryň administratiw resmileri söwdegärlere düýe etiniň, çalynyň we süýdüniň satuwynyň gadagan edilendigini dilden duýdurdylar.

Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bu barada welaýatyň “Balkan” gazetinde maglumat berilmeýändigini, bu ugurdan ylmy spesialistleriň garaýyşlarynyň we çykyşlarynyň hem çap edilmeýändigini aýdýar. Bu barada häzirlikçe türkmen metbugatynda hem maglumat göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Balkan welaýat häkimligi we saglyk bölümi bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Ýerli synçylar we ýaşaýjylar düýeleriň köpçülikleýin kesellemegi bilen bagly ýagdaýyň mundan 20 ýyl çemesi ozal hem bolandygyny, ýöne şonda häkimiýetleriň oňa garşy o diýen uly göreş alyp barmandygyny we netijede onlarça düýäniň heläk bolandygyny aýtdylar.

“Şonda düýe etini satmak tutuş ýurtda gadagan edilipdi. Şol gadagançylyk paýtagt Aşgabatda şu günki güne çenli saklanyp galýar” diýip, synçy Bugaýew belledi.

Ýatladyp geçsek, geçen aýyň başynda Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň öri meýdanlarynda otlaýan düýelere syrtlanlar tarapyndan hüjüm edilýändigini habar beripdi.

Şonda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen habarlaşan we howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlarynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran balkanly ýaşaýjylaryň ençemesi her gije azyndan bäş-alty düýäniň syrtlanlaryň topary tarapyndan awlanyp öldürilýändigini gürrüň beripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG