Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Meniň goşun gullugyna gitmegim üçin, kakamy sakladylar'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Isfaryň ýerli ýaşaýjylaryndan azyndan üç adamyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hökümetler harby gulluga çagyrylýanlaryň sanyny dolmak üçin, «ýaşlaryň atalaryny saklaýarlar hem hossarlaryny soraga çekýärler».

Isfaryň resmi ýolbaşçylary hem kanun goraýjy guramalary bu ýagdaý barada habar serişdelerine kommentariýa bermeýärler. Resmi ýolbaşçylardan diňe biri Azatlyk Radiosy bilen gepleşende, öz adynyň hem wezipesiniň aýdylmazlyk şerti bilen “hiç kim saklanmady, diňe käbir ýaşlaryň hossarlary bilen ýaşlaryň hökmany harby gullugy geçmelidigi barada gürrüň geçirildi” diýdi.

Surh obasynyň 19 ýaşly ýaşaýjysy Abdullo Ansorzoda Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, mundan bir aý çemesi öň özüniň Russiýa işlemäge gidendigini aýtdy. Ýöne onuň yzynda hossarlaryny «jogap bermäge çagyrypdyrlar». Ansorzodanyň aýtmagyna görä, onuň kakasyny Isfaryň kanun goraýjy guramasynyň bölümine alyp gidipdirler. Onuň sözüne görä, hökümetler Ansorhon Hafizowy şindizem saklaýan bolmaly

«Kakamyň saklanmagynyň sebäbi – meniň Orsýete işlemäge gitmegim. Olar meniň öz meýlime dolanyp, harby gulluga gitmegimi isleýärler» diýip, Abdullo Ansorzoda 30-njy sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen gepleşende aýtdy.

Abdullo kakasynyň milisiýanyň elindedigini bileli bäri özüne ýer tapmaýandygyny aýdýar, ýöne bu ýagdaýdan nädip baş çykarjagyny-da bilmeýär. “Men bir kompaniýada ýükçi bolup işleýän. Dokumentlerim maňa iş buýrujynyň elinde. Men tötänlikde bir guraly döwdüm, şonuň üçin ony maňa tölemeli etdiler. Men şol tölegimi üzlüşmek üçinem işlemeli bolýaryn” diýip, ol ýigit aýdýar.

Beýleki bir tarapdan, Abdullo Orsýete gowy gün görmek üçin gitmändigini aýdýar. Onuň sözüne görä, hossarlarynyň ikisi-de işsiz bolansoň, maşgalanyň bar umydy şonda. Maşgala Abdullonyň iberjek puluna mätäç. “Mundan üç gün öň meniň telefonyma SMS geldi. Maňa bilet satyn alar ýaly, pasportymyň nusgasyny ibermegimi kakam haýyş edipdir. Dokumentlerim iş tabşyryjynyň elinde bolansoň, men olara ýüzugra bir ädim hem kesä çykyp bilmejekdigimi aýtdym” diýip, ol ýigit düşündirýär.

Isfar raýonynyň Woruh mähellesinden bolan beýleki bir ýaşaýjy Huşzod Zulfikorow hem öz doganoglanynyň başyna düşen şuňa meňzeş wakany gürrüň berdi. Onuň sözüne görä, ogluny harby gulluga ibermeýändigi üçin, daýysy Niýozbek Zulfikorowy saklaýarlar. Onuň daýysynyň ogly gazanç gözleginde Orsýetde. Huşzodyň sözüne görä, daýysynyň saklanýandygy barada Isfardaky köpçülikleýin habar serişdeleriniň birine habar berenlerinde, olar täze kynçylyklara sezewar bolupdyrlar. Täzelikler websahypasyna daýysynyň suratyny iberen garyndaşlaryndan birini saklapdyrlar. “Ol saklanan hossarymyz hem Orsýete uçmalydy, 2-nji oktýabra onuň uçar bileti bardy” diýip, Huşzod Zulfikorow aýdýar.

Abdullo hem Huşzod öz düşen ýagdaýlaryny aýdýan wagtynda, üçünji bir nämälim gürrüňdeşimiz hem Azatlyk Radiosyna düşen ýagdaýyny mälim etdi.

Ogly harby gulluga çagyrylyş ýaşyna ýeten ene gorky bilen şeýle gürrüň berdi. Ony üç gün gabawda saklapdyrlar. Ol aýalyň sözüne görä, gulluk ýaşyna ýeten oglunyň Täjigistanda däldigi sebäpli, ony saklapdyrlar. Ol student bolup, Russiýadaky okuw jaýlarynyň birinde okaýar. Onuň ogly hakykatdanam ýokary okuw jaýynda okaýandygyny subut edýän dokumentleri ýerli hökümetlere iberenden soň, enäni gözenekden boşadypdyrlar. “Ol uniwersitetde okaýar. Men olara ähli dokumentleri görkezdim. Başga bir mesele ýokdy. Häzir men azatlykda” diýip, ol aýal gürrüň berýär.

Gulluga çagyrylýanlaryň hossarlarynyň saklanmagy hem soraga çekilmegi barada, Azatlyk Radiosynyň beren sowalyna Täjigistanyň goranmak ministrligi gulluga çagyrylýanlar meselesi ýerli häkimiýetleriň jogapkärçiliginde durýar diýdi.

Şol wagtyň özünde Isfaryň ýerli häkimiýetlerinden biri ol saklananlar barada düşündiriş bermekden geçen, gaýtam gulluga çagyryş planynyň berjaý edilmezligine hut şolaryň jogapkärçilik çekmelidigini aýtdy. “Eger ýurduň serhet goşuny hem ýaragly güýçleri bolmadyk ýagdaýynda, biz gijeler rahat ýatyp bilmezdik. Eger hiç kim gulluk etmäge gitmese näme bolar? Häzirki wagtda Woruh, Çorkuh hem Surh mähellelerinde şeýle meýil bar, ýaş oglanlar mekdebi gutaran badyna ýokary okuw jaýlaryna okamaga ýa Orsýete işlemäge gidýärler, ýa-da çalt öýlenýärler. Olar derrew iki çaga edinip, harby gullukdan boşaýarlar” diýip, özüniň tanadylmazlygyny soran çinownik aýdýar.

Ol çinownigiň sözüne görä “olardan hiç biriniň hossarlary saklanmandyr, olar bilen diňe düşündiriş çäresi geçirilipdir”.

Oba hem mähelle toplumlarynyň administrasiýa wekilleri gulluga çagyryş planyny dolmak üçin, bar bolan ähli mümkinçilikden peýdalanylýandygyny aýdýarlar. Woruhdaky Tojikon mähellesiniň ýolbaşçysy Gafurjon Juraýew “Goşunda gulluk etmek meýletin häsiýete eýe, Orsýetden gelen ýaşlar harby gulluga çekilýär” diýdi.

Täjigistanda 1-nji oktýabrdan güýzki gulluga çagyrylyş başlanyp, ol noýabr aýynyň aýagyna jemlenýär. Ýazky hem güýzki çagyrylyşlarda ýaş adamlaryň gabawa düşürilip tutulýandygy aýdylýar. Olary köçäniň ugrunda ýa bazarda saklap, harby komissariata tabşyrýarlar. Olar gulluga alnandan soň, muny hossarlaryna aýdýarlar.

Hukuk goraýjy guramalar bu işiň ýaşlaryň meýline garamazdan edilýändigini aýdyp gelýärler, sebäbi goşunda gulluk etmek diňe meýletin häsiýete eýe bolmaly.

«Graždan azatlygynyň ofisi» guramasynyň ýolbaşçysy Dilrabo Samadowa ýyl geçdigiçe köp maşgalalar hem ýaşlaryň özleri şeýle düzgün bozulmalar hakynda dymmagy ileri tutýarlar. Diňe aýry-aýry ýagdaýda ýaşlaryň gulluk etmäge mejbur edilýändigi baradaky faktlar metbugatda peýda bolýar diýdi.

Ýaş nesliň harby gulluga göwünleriniň çekmeýändigini hukuk goraýjylar öňden aýdyp gelýärler. Gullukda ‘dedowşinanyň’ bardygy, soldatlara garşy zorluk ulanylýandygy, harby gullukdakylaryň käbiriniň ölümi hakyndaky habarlar hossarlary, olaryň täjik goşunynda gulluk etjek çagalaryny gorkuzýar.

Rus dilinde hem okaň

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG