Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Türkmenmallarynyň’ öňki başlygy Garadurdyýew türmede aradan çykdy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň “Türkmenmallary” döwlet assosiasiýasynyň öňkibaşlygy Derýaguly Çaryýewiç Garadurdyýew 26-njy sentýabrda Aşgabadyň etegindäki Büzmeýin etrabynda jaýlandy. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.

Neşir öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 7-nji oktýabrda çap eden maglumatynda özüniň bir çeşmesiniň Garadurdyýewiň aradan çykan wagty Türkmenabadyň golaýyndaky koloniýada, beýleki çeşmesiniň Tejendäki koloniýada uzak möhletleýin türme tussaglygyny berjaý edendigini aýdandygyny mälim edýär.

“Onuň jesedi 25-nji sentýabrda hossarlaryna gowşuryldy” diýip, neşir belleýär.

Aýdylmagyna görä, 1990-njy ýyllarda Garadurdyýew ýolbaşçy wezipeleriniň ençemesinde, şol sanda Türkmenistanyň “Türkmenmallary” döwlet assosiasiýasynyň öňkibaşlygy wezipesinde işledi.

“1999-njy ýylyň 24-nji maýynda Garadurdyýew ‘işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda’ diýlip, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Şondan soňra oňa uly göwrümde ogurlykda aýyplama bildirilip, höküm edildi” diýip, neşir ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumaty öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG