Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň çagalar bagynyň körpelerini sirke äkitjek diýip aldadylar


Türkmenistanyň çagalar bagy (arhiw suraty)

Aşgabadyň №90 çagalar bagynyň işgärleri körpeleri sirke äkitmek wadasynda tapylmadylar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary agzalan çagalar bagynda körpeleri sirke äkitmek wadasy bilen ene-atalardan pul toplanypdyr, emma olar sirke derek kino alnyp barlypdyr.

- Geçen hepdede anna güni Aşgabadyň Ata Gowşudow köçesinde ýerleşýän №90 çagalar bagynda terbiýelenýänleri sirke äkitjek diýip aldadylar we "Aşgabat" kinoteatryna äkidip, "Winni Puh" multfilmini görkezdiler. Munuň üçin çagalar bagy ene-atalardan 6 manatdan pul ýygnady, - diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji oktýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, sirke gitjegine sabyrsyzlyk bilen garaşan çagalaryň umydy puç bolupdyr, bu ýagdaý ene-atalarda uly nägilelik döredipdir.

- Ene-atalar diňe bir aldaw bilen pul toplanandygyna däl, eýsem, çagalaryň aldanandygyna nägile boldular. Çagalar örän garaşypdy we olar iňňän gynandy, - diýip, Azatlygyň habarçysy ene-atalara salgylanyp habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu çagalar bagynyň ýolbaşçylary bilen habarlaşmak we olaryň çagalary sirke äkitmek wadasyny berjaý etmänliginiň sebäbini anyklap bilmedi.

Emma käbir ene-atalar çagalar bagynyň işgärleriniň çagalary sirke äkitmek planynyň başdan bolmandygyny çak edýärler. Sebäbi çagalar bagynda ene-atalardan bilet üçin soralan puluň möçberi Aşgabadyň sirkine biletleriň bahasyndan has az bolupdy.

- Men sirkde edil häzir nämäniň görkezilýändigini takyk bilemok, emma çagalary äkitmek başdan planlaşdyrylmandygy ähtimal, sebäbi sirke biletleriň bahasy 15-20 manatdan başlanýar - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, ene-atalar biletler üçin 6 manatdan tabşyrypdyr.

Paýtagtyň "Aşgabat" kinoteatrynyň belli bir repertuary ýok. Görkeziljek film köplenç şol günüň özünde seansyň öňüsyrasynda kesgitlenýär. Üstesine, filmler ýeterlik tomaşaçy toplanan ýagdaýynda görkezilýär.

- Bahalar hem tapawutlanýar, eger "Türkmenfilm" kinostudiýasynyň köne filmi bolsa, 5 manada durýar, hindi filmleri 6 manatdan. Şeýle-de, eger siz film görmäge tutuş maşgala bilen barsaňyz, emma ýeterlik tomaşaçy bolmasa, siz 10 adamyň biletini töleseňiz, size filmi hususy görnüşde görmegiňizi guramalaşdyrýarlar - diýip Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Aşgabatlylaryň ençemesiniň pikirine görä, Türkmenistanyň paýtagtynda döwrebap işleýän ýeke-täk kinoteatr "Berkarar" söwda merkezinde ýerleşýär, emma onuň repertuary hem tomaşaçylaryň isleglerini ödemeýär.

- Ýeke-täk kadaly kinoteatr "Berkarar" söwda merkezinde ýerleşýär. Emma ol ýerde-de repertuar örän gowşak, iki hepde bäri "Ewerest" we "Taýna peçati drakona" atly iki sany filmi görkezýärler - diýip, Azatlygyň habarçysy adýar.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň we çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň kino, teatra, sirke ýa-da ekskursiýa äkidilmegi Türkmenistanda ýygy-ýygydan guramalaşdyrylýar. Biletler üçin adatça ene-atalardan pul toplanýar, emma mugallymlaryň çagalary öz dynç günlerinde we öz hasabyna äkitmäge mejbur edilmegi hem seýrek däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG