Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň teatrynda tomaşaçy bolmaga mejbur edilýän studentlerden biletler üçin pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatyndaky studentler Mary şäherindäki teatrda sahnalaşdyrylýan oýunlara tomaşaçy bolup gatnaşmaga mejbur edilýärler we olardan 10 manat möçberinde pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Şu günler Marynyň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän Kemine adyndaky drama teatrda spektakllar görkezilýär. Bu spektakllara studentler, okuwçylar we býujet işgärleri tomaşaçy hökmünde mejbury gatnaşdyrylýar. Has takygy, welaýatyň Döwlet Energetika institutynyň studentleri, orta hünärment mekdepleriniň okuwçylary teatrlarda sahnalaşdyrylýan oýunlar üçin biletleri satyn almaga mejbur edilýär. Munuň üçin olaryň her birinden 10 manat ýygnalýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy studentleriň we okuwçylaryň ençemesine salgylanyp, 2-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Habarçy çarşenbe güni irden sagat 08:30 töwereginde Kemine adyndaky drama teatryň öňüne aýal-gyzlaryň onlarçasynyň üýşendigini, ýöne sagat 10:00 töweregi olara hiç bir spektaklyň sahnalaşdyrylmajakdygynyň duýdurylandygyny belledi.

“Bu aýal-gyzlar dürli edara-kärhanalarda işleýän býujet işgärleridi. Olara sagat 08:30 töwereginde teatryň öňüne üýşmelidiklerini aýdypdyrlar. Olara oýnuň goýbolsun edilmeginiň sebäpleri düşündirilmedi. Olardan biletler üçin häzirlikçe pul ýygnalmandyr. Ýöne býujet işgärleri ‘biletleriň puluny aýlyklarymyzdan tutaýmasalar’ diýdiler” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada Mary welaýatyndaky Döwlet Energetika institutyndan we Kemine adyndaky drama teatrdan häzirlikçe kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri ýurtda drama teatrlarynyň 10-dan gowragy guruldy ýa-da öňden bar bolan teatrlaryň durky täzelendi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi teatrlaryň repertuarynyň gowşakdygyny we olarda ilatyň göwnünden turaýjak spektakllaryň görkezilmeýändigini aýdyp, onuň ornuna döwlet ýolbaşçylarynyň ata-enesini mahabatlandyrýan, prezidentiň çagalygny suratlandyrýan “ýuwan oýunlaryň” görkezilýändigini belleýär.

“Şol sebäpli ilatyň arasynda teatra gitmäge gyzyklanma bildirýän adamlara tas duş gelip bolmaýar. Döwlet resmileri ýa-da edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary adamlary güýmemek we teatrlardaky oýunlary tomaşaçysyz geçirmejek bolup, olara býujet işgärlerini, studentleri we okuwçylary mejbury gatnaşdyrýarlar. Bu tomaşaçylaryň arasynda teatr sungatynyň hakyky muşdaklaryny tapmak gaty kyn” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň teatrlarynda sahnalaşdyrylýan oýunlara tomaşa etmek isleýän tomaşaçylaryň azdygy sebäpli, olara býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň tomaşaçy hökmünde mejbury gatnaşdyrylmagy bilen bagly tejribe indi ençeme ýyl bäri gaýtalanyp gelýär.

Mundanam başga, türkmenistanlylar ýurtda geçirilýän dürli sport çärelerine we kinoteatrlara hem barmaga mejbur edilýär.

Geçen ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabadyň sport mekdepleriniň trenerlerine işden boş wagtynda okuwçylary kinoteatrlara äkitmek barada tabşyryk berlendigini Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar beripdiler. Şonda okuwçylary kino äkitmek mugallymlaryň öz hasabyna amala aşyrylypdy.

Ýene şol aýyň başynda mekdep mugallymlary öz aýlyklaryndan Aşgabatda geçen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna biletler üçin 15-20 manat aralygynda puluň alnandygyny bilip galdylar.

2017-nji ýylda edara-kärhanalaryň ençemesiniň işgärleri Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary üçin öz aýlyklaryndan pul tabşyrmaga mejbur bolupdylar. Hususan-da, ýurduň nebitgaz pudagynyň işgärleriniň aýlyklaryndan 15-20% töwereginde pul saklanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG