Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda etrap ýaşaýjylary gazyň pesliginden, oba ilaty gazyň berilmeýändiginden şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň ençeme etrabynyň ýaşaýjylary hojalyklara berilýän tebigy gaz üpjünçiliginiň juda pesliginden, oba ilaty gazyň düýbünden berilmeýändiginden şikaýat edýär. Munuň bilen bir wagtda, gaz hasaplaýjy gurallarynyň guratlygyny “Türkmenstandartlary” döwlet gullugyna barlatmaýan ýaşaýjylaryň tebigy gazy kesilýär.

“Lebabyň Amyderýa, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda tebigy gazyň güýji juda pes. Gaz sähel ýanýar, onda çaý gaýnatmak ýa-da nahar bişirmek üçin käte ençeme sagadyňy sarp etmeli bolýar. Bu etraplaryň çetki obalaryna tebigy gaz düýbünden berilmeýär. Gazyň ýokdugy sebäpli oba ýaşaýjylary odun ýakyp, çaý-çörek iýýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçymyz 9-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Habarçy ýerli häkimiýetleriň etrap ýaşaýjylarynyň gaz üpjünçiliginiň pesdigi we oba ilatynyň gazyň düýbünden berilmeýändigi baradaky şikaýatlaryna oňaýly jogap bermeýändigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ol welaýatyň gaz edaralarynyň resmileriniň öz gaz hasaplaýjy gurallaryny “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynda barlagdan geçirmeýän raýatlaryň gazyny kesýändigini hem belledi.

“Welaýat ýa-da etrap gaz edaralarynyň resmileri ýaşaýjylardan gaz hasaplaýjy enjamlaryny ‘Türkmenstandartlary’ döwlet gullugyndan geçirmegi talap edýärler. Bu gullyk gaz hasaplaýjynyň guratlygyny barlap, zawoddan çykan senesinden bäri 5 ýyl geçen bolsa, onda olary abatlatmagy talap edýär. Munuň üçin ýaşaýjylardan 400 manat soralýar. Mundan ýüz öwren ýaşaýjylara gazyny kesiljekdigi barada ilki duýduryş berilýär, soňra-da olaryň gazy kesilýär” diýip, habarçy häzirki wagt ençeme maşgalanyň gazsyz oturandygyny hem aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Lebap welaýatynyň gaz üpjünçilik edarasyndan we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Türkmenabatdaky ofisinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistan özüniň gaz baýlygy boýunça dünýäde ilkinji orunlarda ýerleşdirilýär. Munuň bilen bir wagtda, türkmen hökümeti ýurtda her ýyl milliardlarça kub metr möçberinde türkmen gazynyň çykarylýandygyny wagtal-wagtal tekrarlaýar.

Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com neşiriniň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda Türkmenistanda 35,6 milliard kub metr tebigy we ugurdaş gaz öndürildi. Gürrüňi gidýän döwür içinde daşary ýurda 18,3 milliard kub metr türkmen gazy hem eksport edildi.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň habarçylary indi köp ýyllardan bäri ýurduň dürli welaýatlarynda gaz üpjünçiliginiň pesdigini, käbir obalara tebigy gazyň asla berilmeýändigini, şol sebäpli ýaşaýjylaryň jaýlary elektrik peçlerini ýa-da odun ýakyp, ýylytmaga synanyşýandygyny habar berýärler.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda howanyň temperaturasy gijelerine 0 gradusdan hem aşaklaýan mahaly, Mary welaýatynyň käbir daýhan birleşiklerinde gazyň güýjüniň juda pesdigini, şol sebäpli oba ýaşaýjylarynyň gündizlerine we gijelerine odun ýakyp ýylynýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar beripdi.

2018-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap ýeňillikli bahalardan ýa-da mugt berlen hyzmatlary ýatyrdy. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ilatyň sarp edýän elektrik energiýasy, suwy we tebigy gazy tölegli edildi.

Şoňky aýlarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini öz wagtynda töläp bilmeýän raýatlaryň has köp göze ilýändigini habar berýärler.

Sentýabr aýynda Wekilbazar etrabynyň “Atabaýew” daýhan birleşiginde elektrik energiýasynyň tölegini öz wagtynda geçirmedik azyndan 10 hojalygyň togunyň kesilendigi mälim boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG