Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Öňki prezident paýlaşylan häkimiýet gürrüňlerini ret edýär, 'dönükleri' gozgalaň synanyşygynda aýyplaýar


Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew döwlet telewideniýesi bilen söhbetdeş boldy.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew özüniň dowam edýän täsiri we ornuna gelen prezidentiň özüne tabynlygy barada aýdylýanlary püçege çykarmak üçin 11-nji oktýabrda döwlet telewideniýesi bilen giňişleýin söhbet etdi, daşary ýurtda oturan ýerlerinden, hamala, gozgalaň turuzmaga çalyşýan “dönükleri” ýazgardy we özüniň şu ýyl tamamlanan 29 ýyllyk dolandyryşyny öwdi.

Awtoritar sowet dolandyryşy astynda kemala gelen 79 ýaşly syýasatçy mart aýynda prezidenti kän galmagalsyz, ýöne ägirt uly täsir astynda, ozalky premýer-ministr we öňki diplomat Kasym-Žomart Tokaýewi öz ornunda oturtmak bilen täzeledi.

Nazarbaýew şindem öz “milletiň lideri” derejesiniň we onuň berýän amatlyklarynyň, şol sanda jogapkärçilige çekilmezligiň hözirini görýär wekuwwatly Howpsuzlyk geňeşine, onuň gapdalyndan uzak wagt bäri ýurdy dolandyrýan Nur-Otan partiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Ol Habar TW-siniň soraglaryna jogap berip, haçanda Tokýaew özünden “geňeş-maslahat” alanda, munuň Gazagystanda “goşa häkimiýet” hökmünde düşündiriljek bolmagyna “hiç bir deliliň” ýokdugyny aýtdy.

Nazarbaýew bu hili “gep-gürrüňler Gazagystanda durnuklylygyň bolmagyny islemeýän adamlar tarapyndan başlandy” diýdi.

Ol sözüni dowam etdirip, “Gazagystan prezident dolandyryşy ulgamyndaky unitar döwlet” diýdi.

66 ýaşyndaky Tokaýew iýun aýynda, saýlawlary sorag astyna alýan protestçileriň tussag edilmegi bilen inagurasiýa edildi, halkara synçylary prezident saýlawlarynda “düzgün bozmalaryň giň ýaýrandygyny” aýtdylar.

Soňky aýlarda Gazagystanda syýasy durgunlaşma we Hytaýyň täsirleriniň artmagy üstünde guralan protestler ýygjamlaşdy we bu ýagdaý pikirini aýdýanlaryň tussag edilmegine hem-de ozalam berk bolan howpsuzlyk çäreleriniň has güýçlendirilmegine alyp geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG