Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň öňki goranmak başlygy Mattis Trampyň kararynyň YD-nyň ‘dikelmegine’ getirmek ähtimallygyny duýdurýar


ABŞ-nyň ozalky goranmak sekretary Jim Mattis

ABŞ-nyň ozalky goranmak sekretary Jim Mattis Trampyň demirgazyk-gündogar Siriýadaky goşunlary çykarmak barada gelen kararynyň“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň täzeden ‘dikelmegine’ getirip biljekdigini duýdurdy, ol prezident Donald Tramp bilen ylalaşmazlyklary sebäpli işden çekilipdi.

“Olaryň gaýtadan janlanyp bilmezligi üçin, biz [YD-a] basyş görkezmegimizi dowam etdirmeli" diýip, Mattis 12-nji oktýabrda gysgaça mazmuny berlen söhbetdeşliginde, NBC News neşiriniň “Metbugat bilen duşuş” atly programmasyna beren interwýusynda aýtdy. Bu söhbetdeşlik dolulygyna 13-nji oktýabrda efire çykýar.

"Biz urşuň gutarmagyny isläp bileris, biz hatda uruş gutardy diýip jar hem edip bileris” diýip, Mattis söhbetdeşlikde aýtdy.

“Prezident [Barak] Obamanyň Yrakdan goşun çykaryp, kynçylykda göz ýetirişi ýaly, biz harbylar sen öz goşunyňy yzyna çykaryp bilersiň, emma “goldaw alan duşman bolar” diýýäris. Bu ýagdaýda, eger-de biz basyşy dowam etdirmesek, soňra “Yslam döwleti” janlanar. Olaryň yzyna geljegine hiç bir şek ýok” diýip, Mattis aýtdy.

Tramp Siriýadaky ABŞ goşunlaryny yzyna çekeli bäri berk tankyt astyna düşdi, ol esgerler bu sebitde kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýa Demokratik güýçleri bilen bilelikde YD-a garşy göreşýärdi. Bu tagallalar netijesinde YD-nyň Siriýada we Yrakda eýelän ummasyz uly territoriýasy yzyna alyndy.

Tankytçylar prezidenti häzir demirgazyk Siriýada türk goşunlarynyň hüjümi astynda galan kürt söweşijilerine, öz ýaranlaryna dönüklik etmekde aýyplaýarlar. Ankara kürt söweşijilerini terrorçy hasaplaýar we olary bu sebitden kowup çykarmaga çalyşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG