Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilim ýene-de gymmatlap başlady: Lebapda 1 guty çilim 150 manada, Balkanda 200 manada çenli çykdy


Çilim. Illýustasiýa suraty.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda temmäki önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy täzeden ýüze çykyp başlady.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berýärler.

Lebap welaýatynda ýerleşýän döwlete degişli bolmadyk hususy söwda nokatlarda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat we Serdar şäherlerinde temmäki önümleriniň bahasy birden gymmatlap başlady.

“Şu günler Lebapda çilim gytalyp, onuň bahasy gymmatlap başlady” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji oktýabrda habar berdi.

Ol Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäherinde ýerleşýän döwlete degişli 4 we 57 belgili dükanlarda çilimiň doly satuwdan aýrylandygyny anyklady.

“Türkmenabadyň merkezinde ýerleşýän döwlete degişli 4-nji we 57-nji dükanlarda aslynda çilim satylýardy emma häzir diňe hususy dükanlarda satylýar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Lebabyň hususy söwda dükanlarynda çilimiň bahasy görnetin gymmatlady:

“Häzirki wagtda 1 guty çilimiň bahasy 60 – 150 manat aralygynda satylýar. Bu baha Türkmenistanyň raýatlarynyň alýan aýlyklary bilen deňeşdirilende aşa gymmat bolýar” diýip, habarçy belledi.

Onda bar bolan maglumatlara görä, çilimiň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňýany Lebabyň hususy söwda dükanlarynda orta hilli çilimiň 1 gutusy 40 manatdan satylýardy.

Habarçy çilim çekýän ençeme lebaplynyň sözlerine salgylanyp, olaryň arasynda ýurt boýunça çilimiň söwdasyna üstümizdäki ýyl girizilmegi ahmal bolan täze çäklendirmelerden howatyr edilýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, çilimiň birden gytalyp, onuň bahasynyň duýdansyz ýokarlanmagy temmäki önümlerini sarp edýän ençeme lebaplylaryň arasynda howsala döredýär.

Lebaply temmäki sarp edijileriniň arasynda çilimiň 2020-nji ýylda satuwdan aýrylmak ähtimallygy baradaky howsala, habarçyda bar bolan maglumatlara görä, bu mesele boýunça käbir ýerli söwda resmileriniň eden resmi bolmadyk çykyşlaryndan uç alýar.

“Halk hem dowla düşüp, çilimleri artykmaç satyn alýar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, ýurtda çilim çekmek endigini taşlamak isleýän çilimkeşler ony goýmak üçin ýeterlik şertleriň ýokdugyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň beýleki regionlarynda-da çilimiň bahasy ýokarlanýar.

“Adatça 40 manatdan satylýan çilimleriň 1 gutusy Balkan welaýatynyň Balkanabat we Serdar şäherlerinde 200 manada çenli gymmatlady” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ol çilimiň paýtagt Aşgabadyň hususy söwda nokatlaryndaky bahalaryny öwrendi:

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän hususy dükanlarda çilim beýIeki regionlara garanyňda elýeterli bolup, olarda “Kent”, “Parlament” atly çilimler 100 manatdan satylýar.

Sentýabryň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy Mary welaýatynyň administratiw merkeziniň döwlet dükanlarynda-da soňky 3 aý bäri çilimiň satuwdan aýrylandygyny habar berdi.

Sentýabryň ortalarynda Marynyň hususy dükanlarynda “Prestige”, “Royal”, “Boston” atly çilimleriň 1 gutusy 33 manatdan, “Milano” atly çilimiň 1 gutusy 40 manatdan satylýardy. Onuň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylary çilimi esasan her dänesini 2-2.5 manatdan däneläp satyn alýarlar.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda karar kabul edildi.

Synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirip gelýär. Döwlet emeldarlary muny tassyklap ýa-da inkär edip resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG