Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň demirýol edarasynda işçilerden pagta üçin dilden görkezme esasynda adam başyna 40 manatdan pul ýygnalýar


Açylan goza. Illýustrasiýa suraty.
Açylan goza. Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynda dowam edýän pagta ýygym möwsüminiň fonunda, welaýatyň çäginde hereket edýän döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden häkimiýetleriň ýygym üçin dilden görkezme esasynda pul ýygnamak işleri hem dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 16-njy oktýabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Mary welaýatynyň Demirýol ulaglary edaralarynyň işgärleri pagta üçin dilden görkezme esasynda özlerinden ýygnalýan puldan nägile bolýarlar:

“DEPO-nyň demirýol işgärleri pagta üçin özlerinden pul ýygnalmagyndan nägile bolýar” diýip, maryly habarçy maglumat berýär. Ol agzalýan demirýol edarasynyň slesorlaryndan hem-de maşinistiň kömekçisi kärinde işleýän işgärlerinden 16-njy oktýabrda işgär başyna 40 manatdan pul ýygnalandygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, özlerinden dilden görkezme esasynda mejbury ýagdaýda pul ýygnalmagyndan nägile bolýan maryly demirýolçylaryň arasynda, pul tölemäge derek, pagta ýygyma çykmaga razy bolýan raýatlar hem bar.

Ýöne habarçy welaýatyň demirýol edarasynyň işgärlerine salgylanyp beren maglumatynda, ýolbaşçylar pagta meýdanlarynda pagtanyň ýokdugyny, şol sebäpden işgärleri ýygyma mejbury çekmäge derek, olardan pul çöpleýändiklerini aýdýar.

Demirýol edarasynyň başlygynyň işgärlere aýtmagyna görä, welaýatyň çäginde ýerleşýän beýleki döwlet edara-kärhanalarynyň arasynda her işgärden 200-300 manat möçberinde pagta ýygym üçin pul çöpleýän iş ýerleri hem bar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, özlerinden pagta ýygym üçin mejbury pul ýygnalýan demirýolçylar aýlyklarynyň onsuzam azlyk edýändigini aýdyp şikaýat edýär.

Türkmenistanda her ýyl pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerinden pul ýygnamak tejribesi, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu ýyl güýçlenip dowam edýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň arasynda pagta üçin işgärlerden ýygnalýan pullaryň hasabyna hakyna tutma adam tutup işgärlere derek, ýygyma tölegli adam ugradýandygyny aýdýanlar hem bar.

14-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Mary welaýatynyň beýleki döwlet edara-kärhanalarynda pagta ýygym bilen baglylykda işgärlerden mejbury ýagdaýda dilden görkezme esasynda ýygnalýan pullaryň möçberi barada habar berdi:

Habarçynyň tassyklamagyna görä, welaýatyň çäginde ýerleşýän her bir döwlet edara-kärhanasy üçin Mary welaýatynyň häkimligi tarapyndan aýratynlykda kesgitlenen pul möçberi bar.

“Mysal üçin her bir mekdep, her bir çagalar bagy aýratynlykda her 15 günden bir gezek 4000 manat möçberinde, etrap hassahanalary 7000 manat möçberinde, şäher we welaýat keselhanalaryň her bölümleri aýratynlykda 10 müň manat möçberinde, gaz üpjünçilik edaralary hem 10 müň manat möçberinde pagta ýygyma diýip pul bermeli bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, agzalýan “summalary her edaranyň başlyklary Mary welaýatynyň häkimligine tabşyrýar”

Halkara hukuk guramalary Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýärler.

Bu ýyl Mary welaýatynda pagta ýygym möwsümine resmi derejede 11-nji sentýabrda girişildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG